Amerikaly işewürler Ilon Mask, Jeff Bezos we Bill Geýts “Forbes” žurnalynyň talaplaryna görä, 250 sany esasy amerikan innowatorlarynyň sanawynda ilkinji üç orny eýeledi.
“Ilon Mask taryhda dürli pudaklarda bäş sany köpmilliardlyk kompaniýany esaslandyran ilkinji ynsandyr. Jeff Bezos Amerikanyň bölek söwda senagatyny düýpgöter üýtgetdi, “bulut” hasaplamalary ulgamynda öňdebaryjy boldy, adamzadyň Aýa dolanmagy we emeli aňyň ösdürilmegi bilen meşgullanýar. Bill Geýts bolsa şahsy kompýuterler ulgamyndaky rewolýusiýa we “Microsoft”-yň programma üpjünçiligi bazaryndaky agalyk ediji ornuna kanagatlanman, Hindistanda poliomiýeliti ýok etmäge kömek eden sahy filantropa öwrüldi” diýlip, reýtingiň ilkinji üç ornunyň beýanatynda aýdylýar.
Žurnalyň iň gowy sanawyna şeýle hem “Ýyldyz söweşleri” (Star Wars) filmler toplumynyň režisýory Jorj Lukas, “Nvidia”-nyň ýerine ýetiriji direktory Jensen Huang, “OpenAI”-yň ýolbaşçysy Sem Altman, “Nike” eşik öndürijisiniň esaslandyryjysy Fil Naýt we beýleki meşhur işewür-innowatorlar girdiler.
PDF









