Nebraska ştatynda ýangyn 243 müň gektar tokaýy ýok etdi. «ABC News» teleýaýlymynyň maglumatlaryna laýyklykda, Nebraska häzir taryhynda iň uly tokaý ýangynlaryny başdan geçirýär. Ýangyn ştatyň dürli etraplaryny gurşady.
Ýerli häkimiýetler oda gözegçiligiň güýçli şemal we amatsyz howa şertleri sebäpli kynlaşýandygyny habar berdiler. Ştatyň gubernatory Jim Pillen 14-nji martda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi hem-de ýangyn söndürijileri goldamak üçin Milli goşuny kömege ýollady.