Geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ABŞ-nyň raýatlary Özbegistana 30 güne çenli wizasyz syýahat edip bilerler. 3-nji noýabrda ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu baradaky resminama gol çekdi. 2021-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň we beýleki käbir ýurtlaryň 55 ýaşdan uly bolan raýatlary şeýle ýeňillikden peýdalanýar. Özbegistan ýurda barýan syýahatçylaryň sanyny artdyrmagy maksat edinýär. Şeýle hem ýurt özbek raýatlarynyň ABŞ-a wiza almaklaryny hem ýeňilleşdirmek üçin gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär.