ABŞ-nyň iň baý ştatlary we Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy ykdysadyýetleri jemi içerki önümiň mukdary babatda birek-birek bilen bäsleşseler-de, ilatynyň ýaşaýyş derejesi we girdejileri boýunça Amerikanyň ştatlary Ýewropany ep-esli yzda galdyrýar. Halkara Pul Gaznasynyň we beýleki maliýe guramalarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin berýän maglumatlaryna görä, hatda ABŞ-nyň iň “garyp” ştatynyň ilatynyň jan başyna düşýän girdejisi hem Germaniýadan başga ähli iri Ýewropa ýurtlaryndan ýokary bolmagynda galýar.
Umumy ykdysady kuwwat babatda Germaniýa 4,47 trillion ýewro bilen sanawyň başyny çekýär, ondan soňra bolsa 3,76 trillion ýewro bilen Kaliforniýa ştaty gelýär. Sanawyň dowamynda Fransiýa, Tehas, Italiýa we Nýu-Ýork ýaly ýurtlar we ştatlar gezekli-gezegine ýerleşip, olaryň ykdysady göwrümleri biri-birine örän ýakyndyr. Meselem, ÝB-niň bäşinji uly ykdysadyýeti bolan Niderlandlaryň görkezijisi (1,18 trillion ýewro) ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyňkydan (1,06 trillion ýewro) az-kem ýokarydyr.
Emma jan başyna düşýän girdejiler deňeşdirilende, Amerikanyň artykmaçlygy has aýdyň görünýär. Nýu-Ýork ştatynda her adama ortaça 108 444 ýewro düşýän bolsa, ÝB-de iň gowy görkezijisi bolan Niderlandlarda bu mukdar bary-ýogy 62 537 ýewro deňdir. Satyn alyjylyk ukyby (PPP) boýunça seredilende hem, ABŞ-nyň ştatlarynyň köpüsi Ýewropanyň iň baý ýurtlaryndan öndedir. Diňe Niderlandlar bu ugurda Floridadan öne geçmegi başarýar.
Şunlukda, ykdysady görkezijileriň ýokarylygyna garamazdan, durmuşyň beýleki taraplarynda tapawutlar bar. Oksford uniwersitetiniň barlaglaryna görä, ABŞ-da aşa garyplyk derejesi Ýewropanyň ösen ýurtlaryndan has ýokarydyr. Mysal üçin, ortaça bir amerikalynyň şol bir mukdardaky puly gazanmak üçin sarp edýän wagty Germaniýadaky ýa-da Fransiýadaky işçiniň sarp edýän wagtyndan, takmynan, iki esse köpdür.
PDF









