ABŞ bir sentlik şaýylyklary zikgelemegini bes etdi. Häkimiýetler bu karary şaýylygyň ähmiýetiniň ýoklugy we gymmada düşýändigi bilen düşündirdiler. Penni ABŞ-da 232 ýyllap zikgelendi. Şeýle-de bolsa, zikgelemegiň çykdajylarynyň bu meseläni maliýe taýdan durnuksyz etdi. Soňky 10 ýylyň dowamynda bir şaýylyk öndürmegiň bahasy 2,27 sent ýokarlandy.

Iň soňky pennini 12-nji noýabrda Filadelfiýada zikgelediler. Onuň çykarylmagynyň bes edilendigine garamazdan, şaýylyk kanuny töleg serişdesi hökmünde wagtlaýyn öz derejesini saklar. Şu ýylyň fewral aýynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Maliýe ministrligine şaýylyklary öndürilmegini bes etmegi tabşyrdy. Şondan soň, ýangyç guýujy beketler, tiztagam garbanyşhanalary we iri dükanlar bahalary düzedip, nagt tölegleri tegeläp başladylar.

Penni 1792-nji ýylda Amerika esaslandyrylandan soň Birleşen Ştatlaryň zikgehanasy tarapyndan öndürilen ilkinji şaýylyklaryň biridi. Ilkinji mis sentiň ýüzünde azatlygy alamatlandyrýan saçlaryny ýaýyp duran zenan şekillendirilipdir.