ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasynda söwda ylalaşygynyň gazanylandygyny mälim etdi. Ylalaşyga görä, ABŞ Ýewropadan import edilen önümlere 15 göterim gümrük nyrhnamasyny girizer. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi ABŞ-dan köp möçberde energiýa we harby enjam satyn alar. Şotlandiýada geçirilen gepleşiklerden soňra Tramp žurnalistlere beren beýanatynda ylalaşyga ÝB-niň ABŞ-da goýuljak 600 milliard maýa goýumyň hem degişlidigini aýtdy.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bolsa, 15 göterimlik nyrhnamanyň ähli harytlara degişlidigini tassyklap, bu ýagdaýyň iki iri söwda hyzmatdaşynyň arasynda söwda deňagramlylygyny gaýtadan üpjün etmäge goşant goşjakdygyny belledi.
Şeýle hem Tramp beýleki birnäçe ýurt bilen şuňa meňzeş söwda şertnamalaryny ýola goýmak üçin işleýändiklerini, 3-4 ýurt bilen gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi.
Ýewropa Komissiýasynyň maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşigi geçen ýyl ABŞ-a 532,3 milliard ýewro haryt satan bolsa, 335 milliard ýewrolyk önüm import edipdir. Bu söwdanyň netijesinde Ýewropa tarapynyň söwdasy 197,3 milliard ýewro artyk bolupdyr.
Mundan ozal ABŞ 16-njy iýulda Indoneziýa, 23-iýulda Ýaponiýa bilen satyn alynýan harytlara gümrük nyrhnamasyny girizmek barada ylalaşyk gazanypdy.