ABŞ-nyň ÝUNESKO-dan geljek ýylyň ahyrynda çykjakdygy mälim edildi. Donald Trampyň prezidentliginiň birinji möhletinde hem ýurt bu halkara guramadan çykypdy, soňra Jo Baýden wezipä gelenden soňra gaýtadan goşulypdy. “New York Post” gazetine interwýu beren AK Tamyň spikeriniň orunbasary Anna Kelli Waşingtonyň ÝUNESKO-dan çykmak barada netijä gelendigini mälim etdi. Guramadan çykmak baradaky kararyň geljek ýylyň dekabrynda güýje girjekdigi mälim edildi.
Şeýlelikde ABŞ Trampyň döwründe iki, ýurduň taryhynda üç gezek bu guramadaky agzalygyny ýatyrar.
Merkezi edarasy Parižde ýerleşýän ÝUNESKO BMG-niň düzümine girip, dünýäde ylym, bilim we medeniýet bilen bagly çäreleri goldaýar.
ABŞ 1981-1989-njy ýyllar aralygynda ýurda ýolbaşçylyk eden Ronald Reýgan döwründe, 1984-nji ýylda ÝUNESKO-dan çykypdy. ABŞ 2003-nji ýylda Jorj Buşuň prezidentligi döwründe gurama gaýtadan goşulypdy.