2026-njy ýylyň I ýarym ýyly üçin elektron we gazetiň çap edilýän görnüşine abuna ýazylşygy dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Köneürgenç etrabynyň edara-kärhanalaryndaky işçi-hünärmenleri abuna ýazylşygyna işjeň gatnaşýarlar. Sanly ulgamyň ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda neşirýat ulgamyna ykjam ornaşmagy, her bir okyja ýeňillikli şertleri döredýär. Çünki häzirki wagtda ýurdumyzda çap edilýän islendik gazet-žurnallary ykjam el telefonlaryň, ýan kompýuterleriň üsti bilen islendik wagtda okamak mümkin. Şu günleri dowam edýän 2026-njy ýylyň I-ýarym ýyly üçin elektron abuna ýazylşygyna hem el telefonlaryň üsti bilen abuna ýazylmak mümkin. Bu bolsa biziň her birimiziň wagtymyzy tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda çap edilýän beýleki gazet-žurnallar bilen bir hatarda “Zaman Türkmenistan” gazetiniň okyjylarynyň köpdügini aýratyn bellemek gerek. Çünki gazetiň elektron saýtlarynda her güni diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýä ýüzüniň täzelikleri giňden beýan edilýär. Gazetiň habarlar, Watan waspy, dünýä täzelikleri, tehnologiýa, edebiýat, sport, sungat, çagalar, saglyk ýaly bölümlerinde gyzykly, manyly makalalary, täzelikleri okamak, tanyşmak mümkin. Şeýle hem gazetiň gyzykly güýmenjeler, peýdaly maslahatlar, çagalar üçin dürli oýunlar, kroswordlar, skanwordlar yzygiderli çap edilýär. Munuň özi her bir okyjynyň boş wagtlaryny gyzykly, mazmunly geçirmäge uly mümkinçilik berýär. “Zaman Türkmenistan” gazeti elektron usulda bilen her bir okyja türkmen, rus we iňlis dillerinde ýetirilýär. Gazetiň web sahypasynda “Zehin synagy” bölüminde dürli sowallaryň ýerleşdirilmegi öz bilimiňi kämilleşdirmekde aýratyn uly orun tutmak bilen boş wagtyňy peýdaly geçirmäge mümkinçilik berýär. Ähli watandaşlarymyzy “Zaman Türkmenistan” gazetiniň elektron we çap edilýän görnüşine 2026-njy ýylyň I ýarym ýyly üçin abuna ýazylmaga çagyrýaryn. Gazetiň elektron we çap edilýän görnüşleri bilen boş wagtyňyz manyly, mazmunly gyzykly geçer.
Kurbanaý ALYMOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
PDF









