Halkara suw çäkleriniň goralmagyna degişli ylalaşyga gol çeken ýurtlaryň sany 60-dan geçdi. Şeýlelikde Deňzi biodürlüligi ylalaşygy geljek ýylyň ýanwaryndan güýje girer. Dünýä ýurtlary, dürli guramlar we şol sanda BMG deňizleri goramak üçin köp ýyldan bäri tagalla edýär. 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) dünýä ummanlarynyň üçden iki böleginden gowragynda biodürlüligiň goralmagy we durnukly ulanylmagy bilen bagly taryhy ylalaşygyň kabul edilendigini mälim edipdi. Ylalaşygyň şol ýylyň sentýabr aýyndan başlap, iki ýylyň dowamynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartit-rasynda gola açyk ýagdaýda durjakdygy hem-de 60 ýurduň gol çekmegi bilen güýje giriziljekdigi mälim edilipdi. Netijede, 60-njy bolup Marokko, 61-nji bolup, Sierra Leona gol çekdi. Şondan 120 günden, ýagny 17-nji ýanwarda bu halkara ylalaşyk güýje girýär. Şertnamanyň dünýä ummanlarynyň üçden iki bölegine, şeýle hem entek anyklanmadyk 10 million töweregi görnüşli jandaryň goralmagyna mümkinçilik berer.
Ylalaşyk açyk deňizleri – döwletleriň milli ygtyýarlyklarynyň daşyndan suw giňişliklerini goramagy maksat edinýär. Bu resminama ýigrimi ýyl töweregi wagt bäri taýýarlanyp gelinýärdi. Bu şertnamada goralýan deňiz zolaklarynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ummanlaryň diňe 1,2 göterimi goralýar. Ylalaşyga görä, goralýan zolaklarda balyk tutmak, gämi gatnawy we çuňňur buraw işlerini geçirmek diňe ekologiýa taýdan giňişleýin barlag geçirilenden soň mümkin bolar.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu ylalaşygy klimatyň üýtgemegi, biodürlüligiň ýitmegi we hapalanmak ýaly meselelere garşy umman we adamzat üçin halas ediji boljakdygyny belledi.
Ylalaşyk ummanlaryň üçden ikisini öz içine alýar. Ylalaşyga doly agza bolan 61 ýurtdan başga-da ýene 122 ýurt we Ýewropa Bileleşigi hem ylalaşyga goşuljakdyklaryny mälim etdi.