23-28-nji mart aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS) geçirilýär. 6-njy gezek geçirilýän bu bäsleşige gatnaşmak üçin dünýäniň Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Gresiýa Respublikasyndan, Wengriýa Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Niderlandlar Patyşalygyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Özbegistan Respublikasyndan ýaşlar geldi. Bu olimpiada daşary ýurtly talyplar bilen bir hatarda türkmen talyplary hem gatnaşyp, öz zehinlerini görkezerler.
Bäsleşik ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirilip, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan düzülen eminler tarapyndan jemlener. Bu ýerde talyplar A we B derejelerde geçiriljek bäsleşikler esasynda öz zehinlerini synarlar. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy olimpiadanyň jemleýji gününde guralar.
Bäsleşige gatnaşmaga gelen talyplar guramaçylyk edýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan gyzgyn garşylandy. Talyplaryň we mugallymlaryň oňaýly dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredildi. Şeýle-de, myhmanlaryň boş wagtlarynda türkmen halkynyň medeni mirasy bilen tanyşmak, paýtagtymyzyň gözel ýerlerini görmekleri üçin gezelençler guramak meýilnamalaşdyryldy. Daşary ýurtly myhmanlarymyza ýol görkezip, kömek etmekleri üçin uniwersitetiň talyp ýaşlaryndan düzülen meýletinçiler taýýarlandy. Olar myhmanlarymyza her babatda kömek ederler.


Zehinleri öňe çykaryp, oňa gatnaşyjylaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýjak bu bäsleşige 24-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Bäsleşige gatnaşjak her bir talyba üstünlik arzuw edildi.

Güljahan MEDJANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.