23-28-nji mart aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS) geçirilýär. 6-njy gezek geçirilýän bu bäsleşige gatnaşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Gresiýa Respublikasyndan, Wengriýa Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Niderlandlar Patyşalygyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Özbegistan Respublikasyndan ýaşlar geldi. Olimpiadada daşary ýurtly talyplar bilen bir hatarda türkmen talyplary hem gatnaşyp, öz zehinlerini görkezýärler.
Açyk halkara matematika olimpiadasy ilkinji gezek 2021-nji ýylda şahsy gatnaşyk görnüşinde geçirildi. Bäsleşik ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirilip, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan düzülen eminler topary tarapyndan seljerilýär. Bu ýerde talyplar A we B derejelerde geçiriljek bäsleşiklerde öz zehinini synaýarlar. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy olimpiadanyň jemleýji gününde guralar.
Bäsleşige gatnaşmaga gelen ýaşlar guramaçylyk edýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary tarapyndan mähirli garşylandy. Myhmanlaryň türkmen halkynyň medeni mirasy bilen tanyşmagy, paýtagtymyzyň gözel ýerlerini synlamagy üçin tanyşdyryş gezelençlerini guramak meýilleşdirildi. Daşary ýurtly myhmanlara ýolbelet bolmak we ýakyndan kömek etmek üçin uniwersitetiň talyp ýaşlaryndan düzülen meýletinçiler taýýarlandy.
24-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda zehinleri ýüze çykaryp, ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýjak bu bäsleşige dabaraly ýagdaýda badalga berildi.
PDF









