ABŞ-da «Ekiz şä­her­ler» bo­lan Min­nea­po­lis bi­len Sent-Po­luň ara­syn­da­ky ada goz­gal­ma­ýan em­lä­gi bi­len bir­lik­de 6,6 mil­li­on dol­la­ra sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy di­ýip, «New York Post» ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. «Bald Eag­le» ada­sy 82 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýär. On­da meý­da­ny 930 müň ine­dör­dül metr bo­lan, bäş sa­ny ýa­tyl­ýan otag­ly we al­ty sa­ny ham­mam­ly üç gat­ly ýa­şa­ýyş ja­ýy ýer­leş­ýär. Onuň için­de ki­no­teatr, bar we bad­min­ton meý­dan­ça­sy bar. Da­şyn­da ulag üçin ja­ý we ho­wa ýas­sy­gyn­da he­re­ket ed­ýän gä­mi bar.
Bu gä­mi­niň kö­me­gi bi­len şä­her­e 20 mi­nut­da ba­ryp bol­ýar. Gyş aý­la­ryn­da suw­da gä­mi­li he­re­ket et­mek müm­kin däl, ýö­ne ada­nyň hä­zir­ki eýe­si Na­tan Lan­duç­çi gyş pas­lyn­da üs­tün­de aw­tou­la­gyň he­re­ket et­me­gi üçin bu­zuň ýe­ter­lik de­re­je­de ga­lyň­ bolýandy­gy­ny bel­le­di. Lan­duç­çi bu em­lä­gi 2016-njy ýyl­da 900 müň dol­la­ra sa­tyn al­dy. Mülk eýe­si­ ba­ha­la­ryň ep-es­li ýo­kar­lan­ma­gy­ny bu ýe­ri­ sa­tyn ala­n­dan soň eden düýp­li abat­la­ýyş iş­le­ri bi­len bag­la­ny­şdyr­ýar. Lan­duç­çi ada­da­ky ja­ýyň ikin­ji eýe­si bol­dy. On­dan öň bu jaý­da ony 1985-nji ýyl­da gu­ran maş­ga­la ýa­şa­pdy.