26-30-maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy bilen adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlary geçirýärler.
Geçirilen gysga möhletli onlaýn okuw sapaklarynyň dowamynda “Adam serişdelerini strategiki meýilleşdirmek”, “Dolandyryş işinde talap edilýän başarnyklar (kompetensiýalar)”, “Başarnyklary dolandyrmak” ýaly temalar boýunça gürrüňler edildi. Onlaýn okuwlarda zähmet potensialyndan doly peýdalanmak arkaly edaranyň işgärlerini dolandyrmak we utgaşdyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar ulgamy, strategiki adam serişdelerini dolandyrmagyň ähmiýeti we işe edýän täsiri, bütin dünýäde dolandyryjylarda bolmaly esasy başarnyklar, aýratyn zehinleri dolandyrmagyň täsiri, işgärleriň zehinini kämilleşdirmek we olary dolandyrmakda häzirki zaman höweslendirmeler, işgärleri dolandyrmakda sanly tehnologiýalary ulanmak, onuň täsiri we ähmiýeti hem-de bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler, dolandyryşyň gurallary we aýratyn innowasion çemeleşmeler, işgärler ätiýaçlygy we öndürijilik dolandyryş ulgamy, edarada halypa – şägirtlik ulgamyny ýola goýmak, işgärleriň arasynda üýtgemelere, ýagny özgerişlige bildirilýän garşylyk: ony ýeňip geçmegiň ýollary, topary dolandyrmak: ylhamyň çeşmeleri, ýitgileriň we dartgynly ýagdaýlaryň öňüni almak, köptaraplaýyn pikirlenme ýaly ugurlar barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Bu çäre 2024-nji ýylyň 6-12-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýär.