Hytaýyň paýtagty Pekinde ilkinji gezek adamlar bilen robotlaryň ýaryşy guraldy. Ýarym-marafon ýaryş sport äleminiň wekilleri bilen tehnologiýa dünýäsini bir ýere jemledi. Umumy uzynlygy 21,1 kilometr bolan ýol ikä bölünip, bir tarapda adamlar, beýleki tarapda iki aýakly robotlar ylgady. Täsin ýaryşda tehnologiýa kompaniýalarynyň, uniwersitetleriň, barlag institutlaryň we höwesjeň gurnaklaryň işläp taýýarlan robotlary öz aralarynda ýaryşdylar. Pellehana birinji bolup, Pekin adamsypat robot innowasiýa merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanan «Tiangong Ultra» atly robot geldi. Robot bu aralygy 2 sagat 40 minut 42 sekuntda geçdi. Emma bu görkeziji adam ylgaýjylaryňkydan ep-esli pes boldy. «Noetix Robotics» kompaniýasynyň «N2» atly kiçi göwrümli robotlaryň iki modeli bolsa, ikinji we üçünji ýeri eýeledi. Adatça uzak aralyga ylgaýan türgenlere suw berlişi ýaly, robotlaryň hem batareýalarynyň çalşylmagyna rugsat berildi.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.