Britaniýaly alym we telegepleşikleri alypbaryjy Meggi Aderin-Pokok adamzat golaý ýarym asyrda başga planetalylar bilen duşuşar diýip, hasaplaýar.
«Daily Mirror» neşiriniň ýazmagyna görä, bu waka 2075-nji ýylda bolar. Alym şeýle-de gelmişekler Stiwen Spilbergiň «Başga planetaly» filminde görkezilýän gumanoidlere meňzeş bolar öýdüp garaşmaly däldigini sözüniň üstüne goşdy. Aderin-Pokok başga planetalylar «kükürtli neme» meňzeş bolsa gerek diýip hasaplaýar. Olaryň aragatnaşyk tehnologiýalary-da adamlaryňkydan ösen bolar.
Mundan öň britan režissýory we NUO-lary (näbelli uçýan obýektler) öwreniji Mark Krsitofer Li adamzadyň başga planetaly siwilizasiýa bilen 2026-njy ýylda geçjek Futbol boýunça dünýä çempionatynda ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýdypdy. Ol gadymy pallaryň, näbelli uçýan obýektleri synlamalaryň hem-de meşhur danalaryň aýdanlarynyň esasynda şeýle netijä gelendigini nygtady.