Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri ýabany çigildemleriň gülleýän döwrüni gabatlap, adaty bolmadyk sergi çäresini taýýarlaýarlar.
Munuň üçin dikeldiş ussahanalarynyň işgärleri ösümlikleriň gülleýän döwründäki görnüşleriniň mumdan nusgasyny ýasaýarlar: düýbi soganyňka meňzeş ösümlikler gerbariý görnüşinde görkezilmän, her görnüşiň gurluşyny we aýratyn häsiýetlerini öwrenmek esasynda emeli usulda ýasalar. Çäre Türkmenistanda çigildem gülläp başlamazdan öň başlanar. Çäräniň maksady muzeýe gelýänleriň arasynda ösümlikleriň tebigy mekanlaryny gorap saklamak baradaky wagyz-nesihat etmekdir.
Türkmenistanda çigildemiň 16 görnüşi ösýär, olaryň dokuzy Gyzyl kitabyň dördünji neşirine girizildi. Mundan başga-da, dört görnüş diňe biziň ýurdumyzda duş gelýär we endemik hasaplanýar: bular türkmen çigildemi, Gug çigildemi, Wilson we Boçantsewa çigildemleridir.
Häzirki wagtda dünýäde çigildemiň 100-e golaý ýaban ösýän görnüşi bar we 15000-den gowrak görnüşi döredilipdir. Çigildem seçgisi bilen meşgullanýan esasy ýurtlar Gollandiýa, Türkiýe, Ýaponiýa we Russiýadyr.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm