11-nji fewralda Afrika Bileleşiginiň (AB) Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Assambleýasynyň 39-njy sessiýasy AB-niň Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebedaky ştab-kwartirasynda açyldy.
Iki günlük sammitiň temasy Afrobileleşigiň 2026-njy ýyl üçin saýlan temasy bilen gabat gelýär: “2063-nji ýyla çenli Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin suwa we ygtybarly sanitar ulgamlaryna durnukly elýeterliligi üpjün etmek”. Çärä AB-ne agza ýurtlaryň liderleri gatnaşýarlar.
Suw serişdelerini durnukly dolandyrmak meselelerinden başga-da, sammite gatnaşyjylar parahatçylyk we syýasy durnuklylyk, ykdysady ösüş, sebitleýin integrasiýa hem-de Afrikanyň dünýädäki abraýyny we agzybirligini güýçlendirmek tagallalary ýaly birnäçe başga mowzuklary hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Sessiýanyň açylyşyna Afrika ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle hem kontinental we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şol sanda AB Komissiýasynyň başlygy Mahamud Ali Ýusuf we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş gatnaşdy.
PDF









