Britan aýdymçysy Adel ilkinji terjimehal eserini çykarmaga taýynlanýar. Maglumatlara görä, 37 ýaşly ýyldyz köp ýyllap uly neşirýat tekliplerinden ýüz öwrenden soň, birnäçe million dollarlyk şertnama baglaşdy.
Adel bu kitapda ilkinji gezek Tottenhamdaky çagalygyndan we abraýly mekdepde okan döwründen başlap, 16 sany “Grammy”, 12 sany “BRIT Awards”, “Oskar”, “Emmi” we “Altyn globus” ýaly baýraklary getiren dünýä meşhurlygyna barýan ýoly barada jikme-jik gürrüň berer. Mundan başga-da, meşhur sungat işgäriniň eserinde diňe bir professional üstünlikleri däl, eýsem, onuň şahsy durmuşy, eneligi, içki oý-pikirleri barada gürrüň berler. Adel kitabynyň üstünde işlemekden başga-da, dünýä syýahaty etmegiň we täze aýdym-sazlary çykarmagyň mümkinçiligini göz öňünde tutýar.
PDF









