1-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen “Sport ýyldyzy” we “Aga-gurluşyk” hususy kärhanalarynyň arasynda durmuş maksatly binalary gurmak we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek dabarasy boldy. Arkadag şäherinde ylalaşylan şertnamalara laýyklykda, “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasyna “Jahan” döredijilik merkeziniň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäginde köpugurly sport toplumyny gurmak hem-de “Şehitler” metjidini döwrebaplaşdyrmak, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak wezipesi ynanyldy.
Mundan başga-da, gol çekilen şertnama laýyklykda, “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak işlerini ýerine ýetirer. Munuň özi haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň geriminiň barha giňeýändiginiň aýdyň nyşanydyr.