Şu günki günde uly şäherlerde agaç ekmek ileri tutulýan maksatnamalaryň biridir. “Forestami” (Tokaýyň dostlary) maksatnamasy 2030-njy ýyla çenli Milanyň we onuň töwereginde ýaşaýan 3 million ilat üçin 3 million agaç ekmegi maksat edinýär.
-“Forestami” – taslamasy ýakyn ýyllarda Milan sebitinde agaçlaryň, esasan hem, beýik agaçlaryň sanyny köpeltmegi maksat edinýär. Agaçlary ösdürip ýetişdirmek global maýylganlygy we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini haýallatmagyň täsirli usullarynyň biridir. Şäherdäki agaçlar kömürturşy gazyny özüne siňdirip, ilatyň saglygyny goraýar – diýip, “Forestami” taslamasynyň ylmy komitetiniň başlygy Stefano Boeri belledi.
– Biz adamlaryň ýaşap we işläp bilmegi üçin agaç ekilen ýaşyl ýerleri köpeltmek hakda alada edýäris. Bu biziň çözmäge synanyşýan iň esasy meselelerimiziň biri – diýip, taslamanyň ylmy müdiri Mariýa Kiara Pastore belleýär.
Taslamanyň maksady 2030-njy ýyla çenli 3 million agaç ekmek. “Forestami” taslamasy eýýäm 330 müňden gowrak agaç ekdi. Mundan başga-da bu taslama şäheri diňe bir ýaşyllaşdyrmak bilen çäklenmän, howasyny arassalaýar, energiýa sarp edilişini peseldýär we adamlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrýar.Taslamany işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, agaç ekmek diňe bir uly şäherleriň däl, eýsem tutuş planetanyň howasyny arassalamaga ýardam berýär.
Uly şäherleriň paýyna dünýäniň kömürturşy gazynyň 75%-i düşýär. Bu ýagdaý howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine olaryň jogapkärdigini aňladýar. Agaçlar kislorod goýbermekden başga-da, saglyga ýaramaz täsir edýän howadaky mikrobölejikleri özüne siňdirýär.
Milan sebitinde 3 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Bu agaçlar 2030-njy ýyla çenli her bir ýaşaýjyny has gowy howa we ýaşaýşyň hili bilen üpjün edip, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy durmaga ýardam berer.