8-nji noýabrda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň güýzki möwsümine badalga berildi. Merdana halkymyz bu sogaply işlere agzybirlikde gatnaşdy. Bu bolsa asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 449 müň 464 düýp bag nahaly ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 1 million 997 müň 775 düýp agaja ideg edildi.
Ýurdumyzda ýylda iki gezek geçirilýän bag ekmek çäresiniň güýzki möwsüminde hormatly Prezidentimiz 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Arçanyň ýaşynyň 12-nji dekabrda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni bilen gabat gelmegi özboluşly mana eýedir. Geljek aýda bu şanly sene – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy baýram ediler.
Arça – türkmen tebigatynyň gözelligi
Türkmen arçasy beýikligi 2-10 metre ýetýän, ýaýbaň şahaly agaç bolup, arçanyň beýleki görnüşlerinden diňe daglyk sebitlerde ösýändigi bilen tapawutlanyp, Köpetdag, Köýtendag, Uly we Kiçi Balkan daglarynda, deňiz derejesinden 800-2800 metr beýiklikde ösýär. Ýapragy uşak, iňňeşekilli, tikenli, uzynlygy 6-8 mm, 3 sany ýaprajyk bolup birigen. Tohumy iýmiş şekilli gozajykda ýerleşýär. Gozajyk gaty, şar şekilli, gara-gök reňkli, gysgajyk sapakda oturýar. Bu arça örän haýal ösýär we 600 ýyla çenli ýaşaýar. Fitonsidleri güýçli bölüp çykarýar. Düzüminde köp sanly himiki birleşmeleri saklaýandygy sebäpli türkmen arçasy lukmançylykda derman serişdelerini taýýarlamakda, kosmetika serişdeleri taýýarlamakda we senagatda dürli görnüşli önümleri almakda ulanylýar. Gür owadan şahalary bolup, bezeg agaçlarynyň hataryna girýän türkmen arçasy seýilgählerde ýekelikde we toparlaýyn oturtmak üçin ulanylýar. Häzirki wagtda türkmen arçasy Köpetdagyň eteginde ekilen arça tokaýlygyna özboluşly bezeg berýär we endemik görnüş hökmünde onuň genofonduny köpeltmek we tebigy arealyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.
Türkmen arçasynyň tebigy ýaýrawy we gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, ulanylyş aýratynlyklary barada alym Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň netijesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň I jildinde giňişleýin maglumatlar beýan edilýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen bu ösümlik Köpetdag we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda goralýar.
Daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda bu möhüm ähmiýetli çäräniň güýzki möwsümine badalga berilmegi gözel tebigatymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde örän ähmiýetlidir. Şonuň üçin hem her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde şeýle giň gerimli çäreleriň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa abadançylygyna mynasyp goşant goşýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Aýpara Begowa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.
PDF









