Beýik Britaniýanyň Skegness şäheriniň ýaşaýjysy Roý Marşa güýçli şemalyň netijesinde, agzyna gaçan ýaprak sebäpli tüýkürmeli bolanlygy üçin jerime salyndy.
Şäheriň gözegçileri şobada pensioneriň ýanyna baryp, bolan wakany jemgyýetçilik ýerinde özüňi alyp barmagyň düzgünleriniň bozulmagy diýip hasapladylar. Ýagdaýy düşündirmäge synanyşandygyna garamazdan, 86 ýaşly adama 250 funt-sterling jerime salyndy.
Marş soňra bu karara garşy şikaýat etdi we jerime 150 funt sterlinge çenli azaldyldy, ýöne ol barybir jerimäni tölemeli boldy. Pensioneriň aýaly bu wakanyň adamsyny gaty gynandyrandygyny boýun alyp, 86 ýylyň dowamynda onuň hiç haçan jemgyýetçilik ýerlerinde tüýkürmändigini belledi.
PDF









