21-nji fewralda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyñ häkimi R.Hojagulyýewiñ Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyñ häkimi M.Hosseinejada bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtalyp geçildi.
Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem saparyň çäklerinde iki goñşy welaýatyñ işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi.
22-nji fewralda Ahal we Demirgazyk Horasan welaýatlarynyň Saglygy goraýyş pudagynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň dowamynda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyñ senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de nebit-himiýa toplumy bilen tanyşdyryldy we bu pudaklar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara pikirler alşyldy.