1-nji awgustdan «Ahalteke atlary» şaýolunyň «Atly ýigit» we «Polatly» binalarynyň aralygyndaky ýolda gurluşyk-gurnama işleri geçirilýändigi sebäpli gatnawlar çäklendirilýär..

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti, Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan «Türkmenistan» gazetine berlen bildirişde şeýle diýilýär:

«1-nji awgustdan «Ahalteke atlary» şaýolunyň «Atly ýigit» we «Polatly» binalarynyň aralygyndaky ýolda gurluşyk-gurnama işleri geçirilýändigi sebäpli, bu ýolda gatnawlaryň çäklendirilýändigini habar berýäris. Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary üpjün eder».