Taryhyny müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri-de owadanlykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleridir. Türkmeniň milli gözellikleriniň iň naýbaşylarynyň biri bolan bedew bilen halkyň ykbaly aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýow gününiň ýoldaşy, toýlarda çarpaýa galan bedewleriň idedilişi, ösdürilip kemala getirilişi, bezelişi bilen baglanyşykly gürrüňlerden hem türkmeniň atyny näderejede eý görendigini bilmek bolýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem giň gerime eýedir. Çünki Watanymyzda tutulýan toýlarda, baýramçylyk dabaralarynda bedewlere aýratyn orun berilýär. Geçirilýän at çapyşyklaryna, görkezme çykyşlaryna, at üstündäki oýunlara ýurdumyzyň müňlerçe ýaşaýjysy tomaşa edýärler. Türkmen atşynaslygynyň däpleri bilen ilkinji gezek tanyş bolýan daşary ýurtly halkyň özüniň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine aýratyn, mähirli garaýşyny duýman bilmeýärler.
Syrdam boýly, gamyş gulak bedewlerimizi türkmen zergärleriniň sünnäläp bejeren bedew şaýlary bilen beslenip, toýhananyň deňinden geçende olary görmäge göz gerek. Paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde gurlan Atçylyk-sport toplumlarynda atçapyşyklary guralýar. Baýramçylyk gününde bütin ýurdumyz toýhana öwrülýär. Ata-babalarymyz bedew atlaryny syrdaşy, ýakyn ýoldaşy hasaplap, bar zadyndan eziz görüpdir. “Görogly” dessançylyk sungatynda Göroglynyň Gyrata bagyşlan gazallary köp duş gelýär:
Ataň bürgütdendir, eneň ak guşdan,
Çandybilde besledigim, Gyrat, gel!
Seni münen geçer mal bilen başdan,
Çandybilde besledigim, Gyrat, gel!
Zergär ussalaryň sünnäläp ýasan bezeg esbaplary türkmeniň bedew atyna nä derejede üns berilýänligine şaýatlyk edýär. Olar aty gözlük, boýunlyk, göwüsbent bilen bezeýişleri ýaly, olara berk agaçdan eýer ýasap, onuň hem gaşyny tylladyr kümüş bilen bezäpdirler. Türkmen zergärleri at eýerini ýasamaklyga hem aýratyn üns beripdirler. Zergärler eýeri bezemek üçin “gülmyh”, “sytara” şaýyny ulanypdyrlar. Gülmyh atyň eýeriniň gaşyna, onuň töweregine kakylýan kellesi kümüşden, nepis edilip ýasalan uşajyk çüýdür. Kümüş gülmyhlar bilen atyň gamçysyny hem nepis edip bezäpdirler. Şeýle hem uýanyň bezegine aýratyn üns berilipdir. Atyň uýanyna kümüş gülmyhlar bilen birlikde sytaralar hem düzülipdir. Sytara apbasyndan kiçi, guşgöziden uly kümüş şaýdyr. Onuň ýüzi nokat-nokat, gül, ýaprak ýaly şekillerde güberçek bolýar. Sytara gelin-gyzlaryň, çagalaryň lybaslaryna-da dakylypdyr. Şeýle hem ol atyň göwüsbendine, uýana, eýeriň gaşyna, üzeňňä bezeg hökmünde dakylypdyr. Üzeňňi atyň üstüne münüp-düşmek, üstünde oturanyňda aýagyňy goýup oturmak üçin eýeriň iki ýan gapdalyndan asylýan gaýyş çekili, halka görnüşli bolýar.
Atyň üzeňňisiniň bezegi barada halk döredijiliginde hem aýdylýar.
Inip geldim irişden,
Üzeňňisi kümüşden,
Dadyrsana, eý oglan
Jübüňdäki iýmişden
diýip, monjugatdylarda atyň üzeňňisi taryp edilýär. Atyň agyzdyrygy hem kümüşden edilipdir. Agyzdyryk uýanyň atyň agzyna salynýan demir bölegi bolup, ol sarç atlara ýa-da çapyşyga gitjek atlara salnypdyr. Zergärler agyzdyrygy iki bölek togalajyk kümüşden, uçlaryna halka geýdirip ýasapdyr. Zergärler agyzdyrygy göni, iki ujy halkaly we egri, ýaýpisint görnüşlerde agyzdyrygyň bardygyny belläpdirler. Atyň gaýyş irişmesini kümüş bilen bezäpdirler. Irişme atyň kellesiniň sakagyna baglanýan zynjyr ýa-da gaýyş ýüp bolup, aty gazyga baglamak üçin ulanylypdyr. Bedewiň guşguny aýratyn bezelipdir. Guşgun atyň guýrugynyň aşagyndan geçirilip, eýeriň öň ýanyndan daňylýan ýüzi birnäçe setir kümüş guşgözüli, aşak sallanyp duran demir tokaly gaýyşdyr. Ol atyň eýeriniň öňe süýşmezligi üçin ulanylypdyr. Türkmen atlarynyň owadan bezeg şaý-sepleriniň biri göwüsbentdir. Göwüsbendi günbatar türkmenleri “Alagaýyş” diýip atlandyrypdyrlar. Göwüsbent bedewiň göwsüne çaprazlaýyn dakylýan, ýerligi gaýyşdan, ýüzüne ownujak guşgözüler atanaklaýyn düzülen kümüş bezegidir. Göwüsbendiň atyň göwsüne düşýän ýeri – atyň döşünde birleşýän göwüsbent gaýyşlarynyň üstünden berkidilýän güberçek, gupba görnüşli bezeg “bäzbent”, “gupba” ýaly atlandyrylypdyr. Bäzbendiň ortasyna ullakan hakyk gaşy oturdylypdyr. Töweregi ösümlik nagyşlary bilen haşamlanypdyr. Türkmen bedewlerine gözlük bezeg şaýyda dakylypdyr. Gözlük gaýyşdan ýasalyp, aşagy gaýyş seçekli bolýar. Gözlügiň ýerligi gönden bolup, gaýşyň ýüzüne ownujak guşgözüler düzülipdir. Merkezine uly hakyk gaşy oturdylyp, gaş öýjügini kümüşden ýasapdyrlar. Atyň nalyny hem kümüşden ýasapdyrlar. Geçmişde ata gupba hem geýdirilipdir. Gupba atyň maňlaý ýalyny bogup, berkidilipdir. Ol altyndyr kümüşden ýasalan, gymmatly daşlar bilen bezelen kiçiräk göwrümli şaý bolupdyr. Atyň gupbasy çeper edebiýatlarda “jyga” diýlip hem atlandyrylypdyr. Türkmen zergärleri tarapyndan has döwrebap dürli bezeg gaşlary oturdylyp, täze, nepis nusgalarda ýasalýan at bezeg şaýlary, aýlawlary baglaýan görkli bedewlerimizi has-da gözel keşbe getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly diýlip yglan edilmeginde uly many-mazmun bardyr. Bu türkmen bedewleriniň abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende göterilýändiginiň alamatydyr.
Gülle Baýgeldiýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň kiçi ylmy işgäri.
PDF









