Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda arassa ganly behişdi bedewleri köpeltmegiň, ösdürip ýetişdirmegiň hem-de seýislemegiň milli däplerini aýawly saklamak, dowam etdirmek hem-de baýlaşdyrmak boýunça maksadalaýyk işler dowam etdirilýär. Ugurdaş düzümler yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda döwrebap atçylyk sport toplumlary guruldy. Bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar giňeldilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy şeýle gatnaşyklaryň ilerlemegine ýardam edýär. Atly sportuň görnüşlerini, milli at üstündäki oýunlary hem-de at çapmak sungatyny wagyz etmäge uly üns berilýär.
Tohumçylyk-seçgi işleriniň ylmy esasda ösdürilmegi bilen ahalteke bedewleriniň reňk aýratynlyklarynda täze öwüşginler emele gelýär we arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sany yzygiderli artýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman atçylyk sport toplumlary, athanalar guruldy we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Munuň özi atçylyk pudagynyň diňe bir döwrebaplaşdyrylmagyna däl-de, atşynaslyk sungatynyň ösdürilmegine, tohumçylyk işleriniň gowulandyrylmagyna, atşynaslaryň täze nesliniň kemala getirilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen atçylyk pudagynyň ösdürilmegi we maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi babatda täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Muňa golaýda milli Liderimiziň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň taslamasy bilen tanyşmagy hem aýdyň subutnamadyr. Umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan täze toplumyň çäginde dolandyryş binasy, weterinar desgasy, iki sany awtoduralga, höwür atlary üçin niýetlenen 60 atlyk athanalaryň ikisi, şeýle hem 80 baş ene mallara niýetlenen athanalaryň 6-sy, 8 sany bassyrma, iým üçin niýetlenen ýapyk ammar we iki sany açyk ammar, şeýle hem tehniki desgalar göz öňünde tutuldy. Dagy etekläp oturan we türkmen atşynaslarynyň ýokary derejeli ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän Aba Annaýew obasy hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirjek täze athana ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilýän esasy mekanyna öwrüler.
Ýurdumyzda her ýyl aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirilýär. Şu ýyl bu sene ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde geçirildi. Şu ýylyň 21-nji aprelinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylandygy bellärliklidir. Munuň özi biziň şöhratly ata-babalarymyzyň dünýä peşgeş beren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň örän uly ähmiýete eýedigini alamatlandyrýar.
Ahalteke tohum atlary halkymyzyň ägirt uly baýlygy hem-de buýsanjydyr. Bedewleriň taryhy ençeme müňýyllyklardan gözbaş alýar. Türkmen seýisleri atlary kämilleşdirmek bilen ýelden ýüwrük bedewleriň täsin aýratynlygyny aýawly saklap, toplanan tejribäni hem-de bilimleri nesillerden-nesillere geçiripdirler. Ahalteke bedewleriniň öwşün atýan reňki, syrdamlylygy, seýkin basyp ýöreýşi, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesiniň netijesidir.
Atlar ähli döwürlerde türkmenleriň wepaly dosty we syrdaşy bolupdyr. Owadanlygy hem-de ýyndamlygy bilen tapawutlanýan bedewler ählihalk dabaralarynyň bezegidir. Ýurdumyzda bellenilýän ähli baýramçylyklarda däp bolan at çapyşyklary geçirilýär. Şol dabaralar ajaýyp, okgunly, ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerini syn etmäge hem-de türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygyna mynasyp baha bermäge mümkinçilik berýär.
Kerimberdi MELÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.