Futbol boýunça Aziýanyň iň uly klub ýaryşy bolan AFK Çempionlar Ligasynda toparçalardaky duşuşyklara 7-nji aprelde badalga berler. Ýaryşda ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edýän milli çempionatymyzyň wise-çempiony Ahal topary hem özüni görkezer. “C” toparçada çykyş etjek ildeşlerimiz şol duşuşyklar üçin Saud Arabystany döwletiniň Jidde şäherine ugrady. Ildeşlerimiz bu ýerde toparçadaky ähli duşuşygyny geçirer. Türkmen futbolçylarynyň ilkinji garşydaşy BAE-niň Şabab Al-Ahli topary bolar. 7-nji aprelde oýnaljak oýun Aşgabat wagty bilen 01:15-de başlanar. Duşuşyk Şa Abdullah Sports şäher stadionynda bolar. Ahal 2-nji duşuşygyny 10-njy aprelde Kataryň Al Garafa topary bilen geçirer (01:15). Wise-çempionymyzyň 3-nji duşuşygy Eýranyň Fulad topary bilen bolup, ol 14-nji aprelde oýnalar (22:15). 4-nji duşuşyk 18-nji aprelde ýene-de Fulad bilen bolar (22:15). Ahal topary 22-nji aprelde Şabab Al-Ahli (22:15) hem-de 26-njy aprelde Al Garafa (01:15) bilen duşuşar.

Toparçalarda 1-nji orny eýelänler, şol sanda 2-nji ýeri eýelänleriň iň gowy netije görkezen 6-sy ýaryşy dowam etdirer. Ildeşlerimize bu duşuşyklarda uly üstünlikler arzuw edýäris.