Gün­do­gar Af­ri­ka­da ýer­leş­ýän Ke­ni­ýa­nyň 2024-nji ýyl­dan baş­lap, dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry­nyň ra­ýat­la­ry üçin wi­zany ýa­ty­ran­dy­gy mä­lim edil­di. Ýur­duň Pre­zi­den­ti Wil­li­am Ru­to hiç bir ýur­duň ra­ýa­tyn­dan wi­za ta­lap edil­me­jek­di­gi­ni, taý­ýar­la­nan san­ly plat­for­ma ar­ka­ly ýur­da bar­maz­dan ozal sy­ýa­hat res­mi­na­ma­sy­nyň elekt­ron nus­ga­sy­ny al­ma­gyň ýe­ter­lik­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu ba­ra­da ýur­duň ga­raş­syz­ly­gy­nyň 60 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­da aý­dyl­dy. Hin­di um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da­ky ýur­duň to­kaý­la­ryn­da we sa­wan­na­la­ryn­da Af­ri­ka­nyň sim­wo­ly­na öw­rü­len pil, ýol­bars we ži­raf ýa­ly ýa­ba­ny jan­dar­lar ýa­şa­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, bu tä­sin jan­dar­la­ry ýa­şa­ýan ýe­rin­de gör­mek üçin ýur­da her ýyl­da on müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy bar­ýar. Şeý­le hem Ke­ni­ýa­nyň de­ňiz­le­rin­dä­ki mer­jen rif­le­ri su­was­ty sy­ýa­hat­y halaýanlar üçin hem ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ry hö­dür­le­ýär. Ýur­da bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar üçin aý­ra­tyn go­ral­ýan ýer­le­riň haý­wa­nat we ösüm­lik dün­ýä­si­ni aý­la­nyp gör­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär.

Da­ýanç NA­ZAR­LY­ÝEW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.