Jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şa­ýan ýe­ri­ne we ge­ne­ti­ka­sy­na bag­ly­lyk­da, her­si­niň özü­ne mah­sus be­den aý­ra­tyn­ly­gy bar. Şeý­le aý­ra­tyn­lyk­la­ryň bi­ri hem reňk saz­la­şy­gy bo­lup, her bir jan­dar öz gar­şy­da­şyn­dan, ýag­ny howp aban­ýan za­dyn­dan go­ran­mak üçin ot-çö­püň, agaç­la­ryň, ýap­rak­la­ryň reň­ki­ne gö­rä keş­bi­ni üýt­ged­ýär. Bu ha­dy­sa köp jan­dar­da do­ga­bit­di bo­lup, kä­bi­rin­de pa­syl­la­ryň ça­lyş­ma­gy, ot-çöp­le­riň gu­ra­ma­gy ýa­ly te­bi­gy öz­ge­riş­lik­ler ne­ti­je­sin­de hem üýt­gäp bil­ýär. Adat­ça, gap­la­ňy goň­rum­tyl-mä­mi­şi şe­kil­de göz öňü­ne ge­tir­ýä­ris. Ýö­ne bu ýyr­ty­jy jan­dar­la­ryň seý­rek ýag­daý­da ak gör­nüş­de do­gul­ýan­la­ry hem bar. Mu­ňa «al­bi­no» di­ýil­ýär. Al­bi­no ge­ne­tik mu­ta­si­ýa se­bäp­li me­la­nin ön­dür­ýän fer­ment­le­riň pe­sel­me­gi ar­ka­ly ýü­ze çy­kyp, de­ri­dä­ki, tüý ör­tü­gin­dä­ki hem-de göz­dä­ki pig­ment­ler ýi­tip gid­ýär.
Ak gap­laň kon­ti­nen­tal to­pa­ryň ben­gal gap­laň­la­ry­nyň ki­çi gör­nü­şi­niň ara­syn­da seý­rek ýag­daý­da duş gel­ýär. Kä­bir bi­ler­men­ler bu ýyr­ty­jy jan­dar­la­ry aý­ra­tyn gör­nüş hök­mün­de bel­le­se­ler-de, dün­ýä­de gap­laň­la­ryň iki to­pa­ry (kon­ti­nen­tal we Sun­da) bar. Ge­ne­tik mu­ta­si­ýa­nyň ne­ti­je­sin­de mä­mi­şi reňk pig­ment­le­ri­ni ýi­ti­rip, ga­ra zo­lak­lar bi­len saz­la­şyk­ly ak sü­tük­li gap­laň ýü­ze çy­kyp­dyr. Bu bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da kä­wagt duş ge­lin­ýän ha­dy­sa­dyr. Ak gap­laň il­kin­ji ge­zek 1951-nji ýyl­da Hin­dis­tan­da ta­py­lyp, öý şert­le­rin­de ulal­dy­lan ýyr­ty­jy­ny «Mo­han» di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, soň­ky ýyl­lar­da ak gap­laň­la­ra ýa­ba­ny te­bi­gat­da duş ge­lin­me­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ak gap­laň­la­ryň sa­ny 200 tö­we­re­gi bo­lup, bu owadan jandarlaryň ählisi hem Hin­dis­tan­da­ky haý­wa­nat bag­la­ryn­da sak­lan­ýar. Ak gap­laň­lar haý­wa­nat bag­la­ry­nyň be­ze­gi bol­mak bi­len bir ha­tar­da, sirk­ler­de çy­kyş ed­ýär­ler.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de 4 müň 500 tö­we­re­gi gap­la­ňyň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Ýyl-ýyl­dan sa­ny azal­ýan bu ýyr­ty­jy jan­dar­lar Gü­nor­ta-Gün­ba­tar Azi­ýa­da, Hy­taý­da, Hin­dis­tan­da, Su­mat­ra ada­syn­da we Rus­si­ýa­nyň kä­bir se­bi­tin­de ýa­şa­ýar­lar. Gap­laň­yň uzyn­ly­gy 3 met­re, bo­ýy 1,5 met­re we ag­ra­my 200-350 ki­log­ra­ma çen­li ýet­ýär.