Aşgabat şäheri gözel Köpetdagyň eteginde, möhüm senetçilik we söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, gadymyýetden häzirki wagta çenli eziz Watanymyzyň ykbalyny kesgitlän sebitleriň biri bolupdyr. Häzirki wagtda bolsa paýtagtymyzyň abraýy tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna dahylly bolan parahatçylyk söýüjilik pikirleriniň gözbaş alýan ýeri hökmünde giňden tanalýar.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleri döreden Aşgabat şäheri dünýäniň 46 ýurdunyň 72 şäheriniň hatarynda ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň paýtagtynyň ylym-bilimi ösdürmekde, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň tutuş dowamynda okamagy babatda zerur şertleri döretmekde ýokary netijeleri gazanandygynyň ykrarnamasy boldy.
ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä tory 2013-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda tutuş dünýä boýunça şäherleriň 425-sini özünde jemleýär. Bu şäherler, takmynan, 500 million adamyň üznüksiz bilim almagy babatda zerur şertleri üpjün edýärler. Aşgabat şäheri Porto-Nowo, Kair, Ankara, Lissabon, Er-Riýad, Hanoý, Buenos-Aýres ýaly şäherler bilen birlikde, şu ýyl bu tora kabul edilen 11 sany paýtagt şäheriň hataryna girdi.
ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleri işjeň ösýän bileleşikler bolup durýar. Olarda okatmak işi mekdeplerde, iş ýerlerinde, kitaphanalarda, muzeýlerde, jemgyýetçilik giňişliklerinde gündelik durmuş ulgamyna girizilendir. Bu şäherler ähli ýaşdaky raýatlara zähmet bazarynda üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşmaga, öz sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýärler, telekeçiligiň ösdürilmegini goldaýarlar, emeli aňyň ösýän döwründe işlemek üçin başarnyklary emele getirýärler hem-de durnukly ösüşe ýardam berýärler.
2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda, Bütindünýä şäherler gününde Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça resmi taýdan goşulypdy.
Şol ýyl ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleri toruna 55 sany täze şäher goşuldy. Bu şäherler ösüş strategiýalaryna medeniýeti we döredijiligi ornaşdyrmakda we ynsanperwer şäher meýilnamasynda innowasiýa tejribesini görkezmekde berk ygrarlylygy bilen tanaldy.
Belläp geçsek, UCCN atly bu guramanyň düzüminde 350-den gowrak şäher bar. Döredijilik şäherleri tory dünýäniň medeni ugurlaryny kämilleşdirmekde hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şol sanda guramanyň hataryndaky şäherler «Senetçilik we halk döredijiligi», «Dizaýn», «Film sungaty», «Tagam taýýarlamak sungaty», «Edebiýat», «Mediýa» we «Aýdym-saz» ýaly bölümleri öz içine alýar.
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda bolsa, türkmen paýtagty Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edilipdi.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabat syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalara gatnaşar, beýleki şäherler we guramanyň agza kompaniýalary bilen tejribe alşar hem-de halkara tejribelerine esaslanyp, syýahatçylar üçin hyzmatlary döreder we öňe sürer.
Federasiýanyň agza şäherleriniň arasyna Bangkok, Budapeşt, Kair, Dublin, Gamburg, Jakarta, London, Milan, Moskwa, Sankt-Peterburg, Praga, Uhan, Sýurih we beýleki şäherler hem-de megapolisler girýär.
Ýurdumyzyň tebigy syýahatçylyk we taryhy–medeni mümkinçilikleri, baý milli däpleri syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlanmagyny, dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär.
Bu günki gün ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak üçin döwletimiz tarapyndan uly serişdeler goýberilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzyň çäkleri giňeldilýär, adamlaryň ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek maksady bilen, täze orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleridir çagalar baglarynyň, muzeýleriň, hassahanalaryň, sport desgalarydyr söwda merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu döwrebap binagärlik toplumlarydyr desgalar türkmen paýtagtynyň görküne görk goşýar.
Emine Atamämmedowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
PDF









