Smiton institunynyň (ABŞ) Milli aziýa sungaty muzeýi, içerki derňewleriň netijesinde heýkelleriň ybadathanalardan alnandygyny tassyklandan soň, orta asyrlara degişli üç sany bürünç heýkeli Hindistana yzyna gaýtaryp berdi. Bu barada “Independent” neşiri habar berýär.
X asyra degişli “Şiwa Nataraja”, XII asyra degişli “Şiwa Somaskanda” we XVI asyra degişli “Sundarar aýaly Parawaý bilen” atly heýkelleriň XX asyryň ortalarynda Hindistandan bikanun ýollar bilen çykarylandygy anyklandy.
Heýkelleriň bikanun äkidilendigine Pondiçeri şäheriniň Fransuz institutynyň arhiw ýazgylary we fotosuratlary subutnama boldy. Ol suratlarda heýkelleriň 1956-njy we 1959-njy ýyllar aralygynda Tamilnad ştatynyň ybadathanalarynda duran pursatlary şekillendirilipdir.
Iki sany bürünç heýkeljik dolulygyna watanyna dolanar, emma “Şiwa Nataraja” (“Tans edýän Şiwa”) Hindistan bilen baglaşylan uzak möhletleýin şertnama esasynda Waşingtonda galmagyny dowam etdirer.