1-nji oktýabrda Gazagystanyň Aktau şäherinde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy geçirildi.
Gazagystanyň Medeniýet we habarlar ministrliginiň metbugat gullugy bu çäräniň Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistanyň milli kino guramalaryny birleşdirýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) başlangyjydygyny habar berdi.
Geçen ýyllarda bu festiwal Stambulda, Bursada, Şuşada we Änewde geçirildi we şu ýyl Gazagystanda ilkinji gezek geçirilýär.
Kinofestiwalyň dabaraly açylyşy Dostluk öýünde bolup, režissýor Duman Ýerkimbekiň ilkinji doly metražly işi bolan “Qaitadan” filmi bilen başlandy. Festiwal maksatnamasy kino pudagynyň öňdebaryjy şahsyýetleri bilen döredijilik duşuşyklaryny, film sammitini, bäsleşikli we bäsleşikli däl filmleriň görkezilişini we Mangystau welaýatyndaky gözel ýerlere baryp görmek ýaly medeni çäreleri öz içine alýar.
Ýapylyş dabarasy we baýrak gowşurylyş dabarasy 4-nji oktýabrda bolar.
Emin agzalary “Iň gowy çeper film”, “Iň gowy režissýor”, “Iň gowy ssenariýa”, “Iň gowy aktrisa” we “Iň gowy aktýor” kategoriýalarynda ýeňijileri kesgitlär.
Mundan başga-da, “Türki medeniýetine goşan goşandy üçin” ýörite TURKSOÝ baýragy gowşurylar.