“Eýforiýa” we “Hyjuw anatomiýasy” seriallaryndaky keşpleri bilen has meşhur bolan amerikan aktýory Erik Deýn 53 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada BBC habar berýär.
2025-nji ýylda aktýora amyotrofiki lateral skleroz (ALS) diagnozynyň goýlandygy belli bolupdy. Bu merkezi nerw ulgamynyň bejerip bolmaýan degeneratiw keselidir, bu kesel ýokarky we aşaky hereket neýronlarynyň zeperlenmegine, şeýle hem ysmazlyga we soňra myşsalaryň atrofiýasyna (iýilmegine) getirýär. Aktyoryň maşgalasynyň beýanatynda: “Erik Deýniň ALS keseline garşy uzak göreşinden soň, penşenbe güni öýlän aradan çykandygyny uly gynanç bilen habar berýäris” diýilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, ol ömrüniň soňky günlerini dostlarynyň, wepaly aýalynyň we iki gyzy Billiniň we Jorjiýanyň ýanynda geçirdi. “Ol hemmeler üçin gaty uly ýitgi bolar, biz ony elmydama mähir bilen ýatlarys. Erik öz muşdaklaryny gowy görýärdi we özüne bildirilen söýgi hem-de goldaw üçin hemişe minnetdardy” diýlip habarda aýdylýar.
Erik Deýn 1972-nji ýylda San-Fransiskoda dünýä indi we 1993-nji ýylda “Gudratly ýyllar” (The Wonder Years) serialy bilen telewideniýede ilkinji gezek çykyş etdi. Aktýora “Hyjuw anatomiýasy” serialyndaky lukman Mark Slounyň keşbi uly şöhrat getirdi. Mundan başga-da, ol “Eýforiýa”, “Jadygöýler” (Charmed), “Soňky gämi” (The Last Ship) ýaly seriallarda, şeýle hem “Marli we men”, “Keramatly Walentina güni”, “Burlesk” we beýleki filmlerde surata düşdi. Deýn aktrisa Rebekka Geýhart bilen maşgala gurupdy we olaryň iki çagasy bar.
PDF








