Be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ry äh­li dö­wür­le­riň ýol gör­ke­zi­ji­si bo­lup­dyr. Ýyl­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan bu dür­dä­ne goş­gu­lar, hal­kyň aňy­na, ýü­re­gi­ne mü­di­mi­lik or­na­şan­dyr. Esa­san hem, akyl­dar şa­hy­ryň şy­gyr­la­ryn­da mert­lik, gaý­duw­syz­lyk ha­kyn­da­ky pel­se­pe­wi pi­kir­ler eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Mag­tym­gu­ly ata­myz öz goş­gu­la­ryn­da mert­le­ri ta­ryp­lap, na­mart­la­ry bol­sa berk ýaz­ga­ryp­dyr:

Mert çy­kar myh­ma­na gü­ler ýüz bi­len
Na­mart özün giz­lär myh­man ýo­luk­sa.

Wa­tan bäh­bi­di­ni il-halk bäh­bi­di bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan, hal­kyň er­kin dur­mu­şy ug­run­da gaý­rat­ly gö­re­şen ýi­git­le­ri wasp edip, ga­ra ne­bis­le­ri­ne hyz­mat eden na­mart­la­ry, gor­kak­la­ry bol­sa pug­ta ýaz­gar­ýan da­na şa­hy­ryň her se­ti­ri ýaş­lar üçin ter­bi­ýe mek­de­bi­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­şan döw­ri al­dym-ber­dim­li za­ma­na bo­lup­dyr. Göç­hä-göç­lük­ler hal­kyň asu­da, pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na oňaýsiz täsirini ýe­ti­rip­dir. Ýö­ne, mu­ňa ga­ra­maz­dan mert, gaý­duw­syz türk­men ýi­git­le­ri eder­men­li­giň be­lent nus­ga­sy­ny gör­ke­zip, Wa­ta­ny­ny, hal­ky­ny go­rap­dyr:

Mert­ler ata çyk­sa, sö­weş sa­ry­dyr
Ýow üs­tün­de ýö­rär ýo­ly Gür­ge­niň.

Hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyn­dan söh­bet aç­ýan tä­sir­li jüm­le­ler mil­le­tiň ese­ri­ne öw­rü­lip, ýü­rek­ler­de ba­ky ýa­şa­ýar. Mag­tym­gu­ly­nyň ede­bi mi­ra­sy du­ry aka­ba­ly, tä­miz göz­baş­ly çeş­me­dir. Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň mert­li­gi-eder­men­li­gi us­sat­lyk bi­len be­ýan ed­ýän pa­ra­sat­ly goş­gu­la­ry bu gün ýaş­la­ry ba­tyr­lyk, gaý­duw­syz­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de mek­dep bo­lup dur­ýar.

Ýi­git öler ýurt üs­tün­de,
Ja­nyn be­rip ar üs­tün­de,
Goç ýi­git­ler il üs­tün­de,
Na­mys bi­len ar ge­rek­dir.

Akyl­dar şa­hyr he­mi­şe ag­zy­bir bol­ma­gy, bir döw­le­te gul­luk et­me­gi ün­däp­dir. Iliň ag­zy bir bo­lup, duş­ma­na gar­şy çyk­sa, duş­ma­na berk gaý­ta­wul be­rip bil­jek­di­gi­ni goş­gu­la­ryn­da giň­den be­ýan edip­dir:

Üç müň naý­za­ba­zy bar­dyr nö­ker­den,
Tört müň pil­da­ry bar, ga­la ýy­kar­dan,
Te­ke, sa­lyr ýö­riş et­se ýo­kar­dan,
Öňün­de oý-çu­kur, ýer­di bi­lin­mez.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy il-ýur­du­ny ýü­rek­den sö­ýen, he­mi­şe hal­kyň ala­da­sy bi­len ýa­şan şa­hyr­dyr. Şeý­le bo­lan­soň, äh­li güý­jüň-kuw­wa­tyň, adyň-ab­ra­ýyň ili­ňe, ýur­du­ňa ed­ýän hyz­ma­ty­ňa, ola­ra goý­ýan ga­dyr-gym­ma­ty­ňa bag­ly­dy­gy­ny paý­ha­sa baý şy­gyr­la­ryn­da us­sat­lyk bi­len ber­me­gi ba­şa­ryp­dyr. Hut şo­nuň ne­ti­je­sin­de, şa­hy­ryň tu­tuş adam­zat üçin bäh­bit­li bo­lan paý­has ýö­rel­ge­si di­ňe bir şa­hy­ryň ýa­şan döw­rün­de äh­mi­ýet­li bol­man, eý­sem, äh­li dö­wür­ler üçin hem gym­mat­ly ha­zy­na­dyr.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň pä­him-paý­ha­syn­dan dö­rän aja­ýyp goş­gu­la­ry bu gün­ki gün hal­ky­my­zyň ha­syl bo­lan köp asyr­lyk ar­zuw-hy­ýal­la­ry­nyň se­na­sy hök­mün­de ýaň­lan­ýar, ga­dym­dan bä­ri türk­me­niň mil­li ru­hu­nyň sü­tü­ni­ni düz­ýän aja­ýyp dö­re­di­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň was­py­na öw­rül­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni giň­den öw­ren­mä­ge, wa­gyz et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry, nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zyň gör­nük­li we­ki­li Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi, aja­ýyp şy­gyr­la­ry yn­san kal­by­ny ruh­lan­dyr­ýar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da beý­gelt­mek, ony giň­den wa­gyz et­mek we bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýur­du­myz­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Akyl­dar şa­hy­ryň aja­ýyp se­tir­le­ri di­ňe bir türk­men hal­ky­ny haý­ran gal­dyr­man, eý­sem, da­şa­ry ýurt­lar­da hem ter­ji­me edi­lip, hö­wes bi­len okal­ýar. Şa­hy­ryň ede­bi mi­ra­sy, akyl-paý­ha­sa ýug­ru­lan aja­ýyp eser­le­ri be­lent adam­kär­çi­li­giň, yla­hy päk­li­giň, ah­la­gyň, mert­li­giň, sa­ly­hat­ly­ly­gyň, wa­tan­çy­ly­gyň, yn­sa­byň öl­çeg da­şy bo­lup, türk­men hal­ky­nyň ara­syn­da ýa­şap gel­ýär.

Gül­şi­rin Ça­ry­gu­ly­ýe­wa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.