Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri hem türkmen alabaýydyr. Parasatly pederlerimiz türkmen alabaý itlerini idetmäge gaty ir döwürden başlapdyrlar. Türkmen alabaýy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halkymyzyň ahalteke bedewi, halysy, saryja goýny ýaly milli gymmatlyklary bilen bir hatarda durýar. Garagumuň eteklerinde ýaşan, çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny alabaý itsiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Türkmen ýazyjy-şahyrlarymyz öz eserlerinde türkmen alabaý itleriniň keşbini wepalylygyň, mertligiň, gaýratlylygyň, namysjaňlygyň ajaýyp nusgasy hökmünde suratlandyrýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, alym Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly eserinde şeýle belleýär: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa, bagtyny görüpdirler».
Alym Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabyny okanymyzda ata-babalarymyzyň eýesine wepaly alabaý itleri barada hemişe alada edip gelendigine, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň buýsanjyna we milli gymmatlygyna öwrülendigine çuňňur göz ýetirýäris.
Merdanalygy, wepalylygy, güýç-kuwwaty, ar-namyslylygy, hoşniýetliligi, sadalygy alamatlandyrýan türkmen alabaýynyň keşbi türkmen halkynyň düşünjesinde wepaly dosty bilen geçen uzak taryhy ýoluň dowamynda kemala geldi. Meşhur arheologlar tarapyndan tapylan gadymy şekiller hem muňa şaýatlyk edýär. Altyndepe we Goňurdepe ýaly meşhur ýadygärlikler toplumlarynda dürli ýyllarda alabaýlaryň gulagy, guýrugy kesilen terrakot şekilleri tapyldy. Gadymy Nusaýda tapylan parfiýa ritonlarynyň birinde uly itiň şekiline duşmak bolýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň muzeýlerinde itleriň ýerli tohumynyň dürli asyrlarda we dürli senetçilik merkezlerinde döredilen beýleki heýkel şekilleri häzirki wagtda hem saklanýar. Daňdanakandan tapylan alabaý güjüginiň kiçijik faýans heýkeli üýtgeşik arheologik tapyndylaryň biridir. Ol şekil türkmen alabaýynyň aýratynlyklaryny inçelik bilen beýan edip, itleriň bu tohumynyň müňýyllyklaryň dowamynda saklanyp gelendigine doly şaýatlyk edýär.
Türkmen alabaýlarynyň tohumynyň arassalygyny, dünýä medeniýetiniň gaýtalanmajak bölegi hökmünde onuň ähmiýetini giňden wagyz etmek, türkmen döwletiniň itşynaslyk pudagyny has-da kämilleşdirmek, onuň halkara pudaklaýyn giňişlige işjeň goşulyşmagy boýunça amala aşyrylýan çäreler giň ählihalk goldawyna mynasyp bolýar. Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi bu ugurda edilen möhüm işleriň biridir. Paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmen alabaýy» atly heýkel uzaklardan hem gözelligiň zynaty bolup görünýär. Munuň özi adamzadyň wepaly hemrasy bolan gaýduwsyz alabaý itlerine – halkymyzyň milli gymmatlygyna bolan belent sarpadan nyşandyr. Goý, milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýup, olary bütin dünýä ýaýmak üçin taryhy işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Bekgi ARSLANOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet dolandyryş ugrunyň magistranty, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýaş alym.
PDF









