27-nji oktýabrda Kot-d’Iwuarda geçirilen Prezident saýlawlarynda Alassane Uattara ýeňiş gazandy. Ýurduň Garaşsyz saýlaw komissiýasy tarapyndan mälim edilen ilkinji netijelere görä, “Demokratiýa we parahatçylyk üçin ufuetçileriň bileleşigi” partiýasynyň dalaşgäri, Kot-d’Iwuaryň häzirki Prezidenti Alassane Uattara sesleriň 89,77 göterimini alyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

Saýlawlaryň jemleýji netijeleri tassyklanandan soň, Konstitusion Geňeş tarapyndan resmi taýdan ýakyn wagtda yglan ediler. Kot-d’Iwuaryň kanunlaryna görä, Prezident bäş ýyl möhlete halkyň göni ses bermegi arkaly saýlanýar. 83 ýaşly Uattara ozal Günbatar Afrika döwletleriniň Merkezi bankynyň başlygy we Halkara Pul Gaznasynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary wezipelerinde işledi.