Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama Awstriýanyň “Die Presse” gazetine beren interwýusynda öz ýurdunyň 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşigine goşulmagyna bil baglaýandygyny aýtdy. Ramanyň sözlerine görä, Tirana Ýewropa Komissiýasy bilen bilelikde 2027-nji ýyla çenli gepleşik prosesini tamamlamak üçin tertipnama işläp düzdi, şondan soň ylalaşyklaryň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlary tarapyndan tassyklanmagy üçin takmynan iki ýyl gerek bolar.
-Biziň meýilnamamyz, möhletimiz we etmeli işlerimiz köp. Bularyň hemmesi Ýewropa Komissiýasy bilen bilelikdäki meýilnamamyzyň bir bölegidir. Biz ýeke özümiz hereket etmeýäris; biziň hemmetaraplaýyn goldawymyz bar. Gepleşikler tamamlanandan soň, tassyklama prosesleri üçin ýene iki ýyl garaşýarys. Şonuň üçin biziň maksatly senemiz 2030-njy ýyl – diýip, Premýer-ministr belledi.
Ol bu wagt tertibiniň takyk hasaplamalara esaslanýandygyny düşündirdi. – Ol üýtgedilip bilnermi? Elbetde, ýöne biziň günämiz bilen däl. Eger bir zat üýtgese, bu Ýewropa Bileleşiginiň karary bilen bolar – diýip, Rama sözüniň üstüne goşdy.
Ýurt 2014-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşigine goşulmak üçin resmi dalaşgär derejesini aldy. Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi, 2020-nji ýylyň mart aýynda Albaniýanyň bileleşige goşulmagy baradaky gepleşikleriniň başlamagyny makullady. 2022-nji ýylyň iýulynda Albaniýa bilen şeýle gepleşiklere başlady.
Günbatar Balkan ýarym adasyndaky ýurtda 2 million 402 müňden gowrak ilat ýaşaýar. Ýurduň paýtagty Tirana şäheri. Resmi dil alban dilidir.