Albaniýada geçirilen Parlament saýlawlarynda dolandyryjy Sosialistik partiýanyň başlygy, Premýer-ministr Edi Rama ýeňiş gazanandygyny mälim etdi.

Albaniýanyň Merkezi saýlaw toparynyň habar bermegine görä, dolandyryjy Sosialistik partiýa 48,16% ses alyp, ýurduň bir palataly Parlamentinde 140 orundan 74 orna eýe boldy. Ikinji orunda 28,73% ses we 43 orun bilen Demokratik partiýa, üçünji ýerde 14,38% we 19 sany orun bilen Sosialistik Integrasiýa Hereketi gelýär.

12 partiýa we bileleşik Albaniýanyň 140 orunlyk Parlamentinden orun almak üçin özara bäsleşdi. Ýurtda takmynan, 3,6 million raýatyň ses bermek hukugy bolup, saýlawlara gatnaşyk 48%-e deň boldy.

Sesler üçin esasy bäsdeşlik 2013-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Sosialistik partiýa bilen Demokratik partiýasynyň bileleşiginiň arasynda bolup geçdi. Iki güýç hem Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn hyzmatdaşlygy goldaýarlar.

Balkan ýarym adasynyň günbatar böleginde ýerleşýän Albaniýa Respublikasynyň 3 milliona golaý ilaty bar. Ýurduň paýtagty Tirana şäheridir.