25-nji iýulda Albaniýanyň Prezidenti Baýram Begaý ýurduň mejlisine kasam kabul etdi. Dabarada çykyş eden Baýram Begaý döwletiň durmuşa ukyplylygyny üpjün etmek üçin öňküsinden has agzybirlige zerurlygyň bardygyny aýtdy. Ol ýurduň içinde hereket edýän partiýalary hyzmatdaşlyga çagyryp, hökümetiň partiýalaryň işine goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Kasam kabul edişlik dabarasyndan soňra Begaý, ozalky Prezident Ilir Metadan bu wezipäni kabul edip aldy.
2020-nji ýylyň iýulynda 55 ýaşly Baýram Begaý Albaniýanyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy wezipesine girişdi. Ol 4-nji iýunda Mejlis tarapyndan geçirilen Prezident saýlawlarynyň dördünji tapgyrynyň netijelerinden soň ýurduň Prezidenti wezipesine saýlandy. Maý aýynda deputatlar indiki prezidentiň bellenilmegi barada üç gezek ylalaşyp bilmediler.
Baýram Begaý dolandyryjy Sosialistik partiýa tarapyndan hödürlendi. Bu saýlawlarda 140 orunlyk mejlisde sosialistler 78 orun bilen ýeňiş gazandy. Iýul aýynda Albaniýa Ýewropa Bileleşigine girmek üçin gepleşiklere başlady. Bäş ýyllyk möhlete saýlanan 55 ýaşly Begaý Albaniýanyň sekizinji Prezidenti boldy. Albaniýa Balkan ýarym adasynyň günbatar böleginde ýerleşýän bir döwletdir. Ilaty 2 829 741 adama deň bolan bu ýurduň ilatynyň 64% töweregi musulmanlar eemele getirýär.