Halkara hünärmenler topary Dünýäniň ýedi täsinliginiň biri bolan Aleksandriýa maýagynyň takyk sanly nusgasyny döretmek üçin ägirt uly «Faros» taslamasyna başladylar. Arheologlar, taryhçylar we programmistler suwuň astyndaky harabalary öwrenip, gadymy desganyň keşbini 3D model arkaly täzeden dikeltmegi maksat edinýärler.
XIV asyryň başynda güýçli ýertitremeler netijesinde weýran bolan 140 metrlik bu äpet bina häzirki wagtda Aleksandriýanyň Gündogar duralgasynyň düýbünde, 7 gektar meýdanda ýatyr. Alymlar fotogrammetriýa tehnologiýasyny ulanyp, agramy 80 tonna ýetýän müňlerçe granit we hek daşlarynyň suratlaryny bitewi bir sanly şekile birleşdirýärler.
Geçirilen barlaglar, eýýäm, 5 müňden gowrak jisimi öz içine alyp, möhüm ylmy açyşlara sebäp boldy. Inženerleriň anyklamagyna görä, gadymy gurluşykçylar bloklary adaty palçyk bilen däl-de, çylşyrymly gurşun gysgyçlar we pazzalar arkaly birleşdiripdirler. Bu täsin usul äpet maýagyň bary-ýogy 15 ýylda gurulmagyna we asyrlar boýy sarsmazdan durmagyna mümkinçilik beripdir. Şeýle-de, barlaglar III asyrdan bäri deňiz derejesiniň 8 metr töweregi ýokary galandygyny we munuň harabalaryň suw astynda galmagyny çaltlandyrandygyny görkezdi.
Fransuz arheology Izabel Eriniň ýolbaşçylygyndaky bu taslama onlarça ýyla çekip biler. Maliýe ýetmezçiligi we suwuň hapalygy ýaly kynçylyklara garamazdan, geçirilen işler Aleksandriýa maýagynyň diňe bir rowaýat däl-de, eýsem hakyky inženerçilik täsinligidigini subut edýär.
PDF








