Germaniýanyň sagçy “Germaniýa üçin alternatiw” (AfD) partiýasynyň başlygy Alis Waýdeliň dalaşgärligini fewral aýynda geçiriljek parlament saýlawlarynda kanslerliň wezipesine hödürlendi. Bu karar Rize şäherinde geçirilen iki günlük gurultaýyň barşynda biragyzdan kabul edildi.
23-nji fewralda boljak saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilen pikir soralyşyklara görä, “Germaniýa üçin alternatiw” partiýasy 20% töweregi goldaw bilen ikinji orunda barýar. Ýöne geçen hepde X platformasynda partiýany goldaýan milliarder Ilon Mask bilen göni söhbetdeşlik geçiren Waýdeliň hökümete ýolbaşçylyk etmek üçin hakyky mümkinçiligi ýok, sebäbi beýleki partiýalar AfD bilen hyzmatdaşlyk etmekden saklanýarlar.
Pikir soralyşyklarda konserwatiw “Hristian-demokratik bileleşigi 30% ses bilen öňde baryp, onuň dalaşgäri Fridrih Mers indiki Kansleriň wezipesine esasy dalaşgär hasaplanýar.
14-17% goldawa eýe bolan merkezi çepçi Sosial-demokratik partiýasynyň agzalary, bu wezipä dalaşgär hökmünde Olaf Şolsy ýene bir gezek hödürledi. Berlinde geçirilen gurultaýa gatnaşyjylaryň aglabasy Şolsa ses berdiler. Geçen ýylyň noýabr aýynda Olaf Şolsuň üç partiýaly koalisiýasy ýatyrylandygyna garamazdan, ol henizem azlyk hökümete ýolbaşçylyk edýär. Bu ýagdaý Germaniýanyň ykdysadyýetini nädip dikeltmelidigi baradaky meselede maliýe ministri Kristian Lindneri işinden çetleşdirenden soň ýüze çykdy.
Şols sosial reformalary wada berýär, Waýdel bolsa ykdysadyýetde we immigrasiýa syýasatynda düýpli üýtgeşmeleri teklip edýär. Saýlawlar meýilleşdirilenden ýedi aý öň geçirilýär.