Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy pu­da­gy düýp­li öz­ge­riş­­le­ri baş­dan ge­çir­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da pu­da­gyň bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da giň ge­rim­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de pu­da­gyň kuw­wa­ty­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Le­bap we­la­ýa­tyn­da kuw­wat­ly­ly­gy 432 me­ga­wat bo­lan gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik be­ke­di, Ahal-Bal­kan-Da­şo­guz ara­ly­gyn­da hal­ka­la­ýyn ener­go­ul­ga­my gu­rul­ýar, şol san­da Ahal we Da­şo­guz elekt­rik be­ket­le­rin­de bug tur­bi­na­la­ry­nyň otur­dy­lyp, goş­ma­ça elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ön­dü­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­mak, «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek ýur­du­my­zyň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýur­du­myz­da «Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di. Bu Ka­nun gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­ma­gyň hu­kuk bin­ýa­dy bo­lup çy­kyş ed­ýär. Bu ugur­da il­kin­ji iri tas­la­ma ba­dal­ga ber­ler. Ol hem Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar et­ra­byn­da kuw­wat­ly­ly­gy 10 me­ga­wat bo­lan Gün we ýel elekt­rik be­ke­di bo­lar. Bu be­ket ýur­du­myz­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň baş­lan­gy­jy­na öw­rü­ler, bu ýer­de dün­ýä­de iň soň­ky ga­za­ny­lan öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar we nou-hau­lar or­naş­dy­ry­lar. Şeý­le hem bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­myz­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­ny ös­dür­mek ba­ra­da­ky Mil­li stra­te­gi­ýa­­ny ama­la aşyr­mak­da anyk ädi­me öw­rü­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu tas­la­ma­ny gol­dap, de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­me­gi bi­len, ol pu­da­gyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek ama­la aşy­ryl­ýan şeý­le tas­la­ma hök­mün­de ta­ry­ha gir­di. Tas­la­ma la­ýyk­lyk­da, döw­re­bap oba­da bel­le­nen meý­dan­ça­da Gün we ýel elekt­rik des­ga­la­ry, şeý­le-de äti­ýaç­lyk elekt­rik üp­jün­çi­lik çeş­me­si hök­mün­de di­zel ge­ne­ra­to­ry otur­dy­lar. Bu kö­pu­gur­ly stan­si­ýa­da ön­dü­ril­jek elekt­rik ener­gi­ýa­sy döw­re­bap oba­nyň sarp edi­ji­le­ri­ni, şeý­le-de onuň çäk­le­rin­dä­ki önüm­çi­lik gur­luş­la­ry yk­dy­sa­dy taý­dan amat­ly we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün eder. Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni ýur­du­my­zyň çet-gy­rak­la­ryn­da­ky we bar­ma­sy kyn ýer­le­rin­dä­ki ilat­ly no­kat­la­ryň elekt­rik üp­jün­çi­li­gi üçin ulan­ma­gyň gel­je­gi uly bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň gi­ňiş­le­ýin ula­n­ma­gy yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li, eko­lo­giýa taý­dan aras­sa bo­lup, ol pul se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­la­ma­ga, sarp edi­ji­le­riň elekt­rik üp­jün­çi­li­gi­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça dün­ýä­de ýaý­baň­la­nan çä­re­le­re go­şant goş­ma­ga, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam be­rer.
Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni ös­dür­mek Gün şöh­le­si­niň, ýe­liň, su­wuň, tol­kun­la­ryň ener­gi­ýa­sy­ny, bio­mas­sa­ny, te­bi­gy ýan­gyç al­mak üçin ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän ýö­ri­te ösüm­lik­le­riň önüm­çi­li­gi we halk ho­ja­ly­gy­ny eko­lo­gi­ýa zy­ýan ýe­tir­me­ýän çeş­me­ler­den göz­baş al­ýan ener­gi­ýa bi­len üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ener­gi­ýa­nyň şeý­le gör­nü­şi­niň çeş­me­le­ri­niň ar­tyk­maç­lyk­la­ry ada­ty ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da, tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Ener­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­mek ba­bat­da giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Gahryman Arkadagymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­la­ry he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Mu­ham­met GUR­BA­NOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.