Kino sungatynyň iň uly 3 festiwalynyň biri bolan “Berlinale” tamamlandy. 75-nji gezek geçirilen Berlin film festiwalynda ýeňijiler belli boldy. 11 günläp dowam eden festiwalda baş baýraga – “Altyn aýy” baýragyna “Düýşler” (Drommer) filmi laýyk görüldi. Norwegiýaly kyssaçy, ssenariçi hem-de režissýor Dag Ýohan Haugerudyň surata düşüren filmi “Altyn aýy” baýragyny gazanan ilkinji norweg kinosy hökmünde hasaba alyndy. Braziliýaly režissýor Gabriel Maskaro “Mawy ýoda” (O Ultimo Azul) filmi üçin eminleriň “Gran Pri” baýragy bilen sylaglandy. Argentinaly režissýor Iwan Funduň “Ýüzlenme” (El mensaje) filmi-de eminleriň ýörite baýragyna mynasyp görüldi.
Hytaýly režissýor Huo Mene “Ýerde ýaşamak” (Sheng xi zhi di) filmi üçin iň gowy režissýor baýragy gowşuryldy. “Hollywood”-yň awstraliýaly artistlerinden, meşhur aktrisa Rouz Birn iň gowy baş keşp baýragynyň ýeňijisi boldy. Ol “Eger aýaklarym bolsady, seni deperdim” (If I Had Legs I’d Kick You) filmindäki keşbi üçin bu baýragy eýeledi. Iň gowy kömekçi keşp baýragy-da “Mawy aý” (Blue Moon) filmindäki keşbi üçin Andrýuw Skotta berildi. Iň gowy ssenariý baýragy-da komediýa görnüşli “Kontinental 25” (Kontinental 25) filmi üçin rumyniýaly režissýor Radu Jude berildi. Ol 2015-nji ýylda iň gowy režissýor ugry boýunça “Kümüş aýy”, 2020-nji ýylda-da özboluşly filmi bilen “Altyn aýy” baýragyny gazanypdy.
Fransiýaly režissýor Lusil Hadžihalilowiçiň “Buz diňi” (La Tour de Glace) filmi-de sungat goşandy baýragyna laýyk görüldi.
1951-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Berlin film festiwalynda baş baýrak “Altyn aýy” baýragydyr. Galan beýleki baýraklar dürli ugurlarda bolup, olar “Kümüş aýy” diýlip atlandyrylýar.
Festiwalda mundan öňki 2 ýyl dokumental filmler “Altyn aýy” baýragyny gazanypdy.