Dünýä belli “Marvel” studiýasynyň 38-nji kinosy bolan “Möý adam: täze gün” filmi şu günden kinoteatrlarda görkezilip başlanar. “Marvel” kinematografik äleminiň 6-njy fazasynyň 2-nji filmi bolan “Möý adam: täze gün” kinosyna Dastin Daniel Kretton režissýorlyk edýär. Ol “Marvel”-iň “Şen-Çi we on ýüzügiň rowaýaty” filmini hem surata düşüripdi. Filmiň ssenarisi Kris MakKenna bilen Erik Sommersiň galamyndan çykdy. Filmde baş keşpleri Tom Holland we onuň ýanýoldaşy Zendeýa, şol sanda Sadie Sink, Jeýkob Batalon, Jon Berntal, Mark Ruffalo, Maýkl Mando ýerine ýetirýär. Kinonyň agramly bölegi Glazgo şäherinde ekranlaşdyrylan filmde ýaňlanýan sazlary italiýaly kompozitor Maýkl Jakkino ýazdy.

Tom Holland 4-nji gezek “Möý adam” filminde surata düşüp, bu ekran eseri täze “Möý adam” triologiýasynyň ilkinji kinosy hasaplanýar. Filmiň prokatlardan 1 milliard dollardan köp girdeji gazanmagyna garaşylýar.

Täze kinoda “Möý adam: öýe gaýdyş ýok” filmindäki wakalardan soň, Dr. Stefen Streýnjiň jadysy bilen Piter Parker unudylýar. 4 ýyldan soň Parker anonim görnüşde Nýu Ýork şäherini gorap başlaýar. Ol şonda özüniň täze güýjüniň üstünden barýar. Şol bir wagtyň özünde-de täze howp peýda bolýar…

 

Ady: “Möý adam: täze gün” (Spider-Man: Brand New Day)
Režissýory: Destin Daniel Kretton
Ssenariçi: Kris MakKenna, Erik Sommers
Prodýuseri: Kewin Faýgi, Emi Paskal, Awi Arad, Raçel O'Konnor
Keşplerde: Tom Holland, Zendeýa, Sadie Sink, Jeýkob Batalon, Jon Berntal, 
           Tramell Tillman, Maýkl Mando, Mark Ruffalo
Kompozitory: Maýkl Jakkino
Öndüriji: “Columbia Pictures”, “Marvel Studios”, “Pascal Pictures”
Paýlaýjy: “Sony Pictures Releasing”
Görnüşi: “superhero”, uruşly, ylmy-fantastik başdan geçirme
Dowamlylygy: 145 minut
Ýurdy: ABŞ
Dili: iňlisçe
Býujeti: 225 million dollar