Ir za­man­lar­da bir ga­ryp daý­han bar eken. Ol aýa­ly we ça­ga­la­ry bi­len ki­çi­jik bir kül­be­de ýa­şa­ýan eken. Gün­le­riň bir gü­ni ol baý goň­şu­syn­dan pal­ta di­läp bar­ýar. Goň­şu­sy öwü­ne-öwü­ne oňa pal­ta­sy­ny be­rip goý­ber­ýär. Pal­ta­ny alan daý­han odun ýa­tyr­mak üçin, eşe­gi­ne mü­nüp to­ka­ýa gid­ýär. Ol ep-es­li odun ýa­ty­ran­dan soň­ra bir­den­kä pal­ta­nyň çüw­de­si syp­ýar-da, gap­da­lyn­da­ky güýç­li akyp ýa­tan bol suw­ly der­ýa gaç­ýar. Ol elin­de ga­lan pal­ta sa­py­na se­re­dip al­la­ni­çik­si bo­lup dur­şu­na, ede­ri­ni bil­män der­ýa­nyň bo­ýu­ny sy­ryp gi­di­ber­ýär. Der­ýa daý­ha­ny suw de­gir­me­ni­niň üs­tün­den elt­ýär. Daý­han bu ýer­de peý­wag­ty­na äw­män iş­läp ýö­ren ak sak­gal­ly, ýü­zi nu­ra­na ha­raz­çy ýa­şula pal­ta­sy­ny der­ýa ga­çy­ran­dy­gy­ny, onuň suw bi­len akyp, de­gir­me­ne dü­şen bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni gür­rüň ber­ýär. Ha­raz­çy go­ja de­gir­me­ni tog­ta­dyp, çarh­la­ryň ara­sy­na eli­ne sok­ýar­-da al­tyn çüw­de­li bir pal­ta­ny çy­ka­ryp:
– Se­niň diý­ýä­niň şu pal­ta­my? – di­ýip so­ra­ýar. Daý­han bol­sa:
– Ýok, ýok, bu däl – di­ýip, jo­gap ber­ýär. Ýa­şu­ly gaý­ta­dan eli­ni çar­ha so­kup, kü­müş çüw­de­li pal­ta­ny çy­ka­ryp, ýe­ne-de şol bir so­wa­ly ber­ýär. Daý­han hem ýaň­ky jo­ga­by­ny gaý­tala­ýar. Ýa­şu­ly eli­ni su­wa so­kup üçün­ji ge­zek de­mir pal­ta­ny çy­ka­ran ba­dy­na, odun­çy pal­ta­ny ta­nap:
– Ine, me­niň su­wa ga­çy­ran pal­tam şu – di­ýip, ýit­gi­si­ne eli­ni uzad­ýar. Ýa­şu­ly daý­ha­nyň de­mir pal­ta­sy­ny be­ren­soň:
– Ha­ny bi­raz sak­lan, gar­daş! – di­ýip, so­rag­ly ýü­zü­ni daý­ha­na öw­rüp, oňa iç­gin se­red­ýär.
– Inim, bu se­niň üçin ha­ky­ky sy­nag bol­dy. Sen pal­ta­ňy göz­läp, nä­de­re­je­de ka­na­gat­ly, sa­byr­ly we päk ýü­rek­li yn­san­dy­gy­ňy su­but et­diň. Şol se­bäp­li men sa­ňa «al­tyn pal­ta­ny» sow­gat ber­ýän. Ol se­ni hiç ha­çan hor et­mez – di­ýip, pu­ka­ra daý­ha­nyň eli­ne al­tyn pal­ta­ny hem tut­du­rup goý­ber­ýär. Daý­han pal­ta­la­ry­ny we ýy­gan­ja ýyl­gyn­la­ry­ny eşe­gi­ne urup, öýü­ne gel­ýär. Ol der­rew goň­şu­sy­nyň de­mir pal­ta­sy­ny «taň­ry­ýal­ka­sy­ny» bi­len el­tip ber­ýär.
Şol gün­den baş­lap, daý­ha­nyň iş­le­ri şo­wu­na bo­lup gi­di­ber­ýär. Al­tyn pal­ta­nyň be­re­ke­di bi­len daý­ha­nyň «gum di­ýip gar­ba­ny gy­zyl bol­ýar». Onuň mal-mül­ki ar­typ, oba­nyň dep­seň yran­maz baý­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Ýö­ne geç­miş­de gö­ren gör­gü­le­ri­niň hiç bi­ri­ni unut­ma­ýar.
Gün­le­riň bir gü­ni baý goň­şu­sy on­dan nä­dip bu de­re­jä ýe­ten­di­gi­ni so­ran­da, daý­han ba­şyn­dan ge­çi­ren ah­wa­lat­la­ry­ny bi­rin-bi­rin gür­rüň ber­ýär. Bu gür­rüň­le­re kel­le­si gy­zan baý daý­han sy­pa­ty­na gi­rip, pal­ta­sy­ny hor­ju­ny­na atyp, ýa­by­sy­na at­lan­ýar-da odun ýa­tyr­ma­ga gid­ýär. Baý pal­ta­sy­ny bil­geş­le­ýin su­wa ga­çy­ryp, der­ýa­nyň ýa­ka­sy­ny sy­ryp häl­ki suw de­gir­men­çi ýa­şu­ly­nyň ýa­ny­na gel­ýär. De­gir­men­çi çarh­dan al­tyn pal­ta­ny çy­ka­ran ba­dy­na: «Ine, bu me­niň pal­tam, ine şu…» di­ýip, ha­syr-hu­sur pal­ta­ny gar­bap al­mak­çy bol­ýar. Paý­has­ly ýa­şu­ly bol­sa:
– Ýok, gar­daş, ha­ny sak­lan ba­ka­ly, se­niň pal­taň-a ine şu bol­ma­ly – di­ýip, onuň öz pal­ta­ny eli­ne tut­dur­ýar. Eli boş hal­da öýü­ne do­la­nan ba­ýyň çol­pu­sy­na ilen zat bol­ma­ýar.
Zäh­met çek­mek, ka­na­gat­ly bol­mak we dog­ry­ňy söz­le­mek ada­my bag­ta atar­ýan en­dik­ler bo­lup, aç­göz­lük we ýa­lan söz­le­mek ada­my pe­seld­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly: «Dog­ry ozar, eg­ri to­zar».