Futbol äleminiň şahsy baýraklarynyň iň abraýlysy hasaplanýan “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragynyň şu ýylky dalaşgärleri mälim edildi. “France Football” žurnalyny tarapyndan berilýän baýragyň uzyn sanawynda 30 futbolçynyň ady bar. Şol 30 futbolçynyň 9-sy häzirki wagtda Çempionlar Ligasynyň soňky çempiony PSŽ toparynda oýnaýan futbolçylardyr. Sanaw futbolçylaryň 2024-nji ýylyň 1-nji awgusty bilen 2025-nji ýylyň 31-nji iýuly aralygynda görkezen başarnyklary esasynda düzüldi.
Baýragyň esasy dalaşgärleri hökmünde Usman Dembeleniň, Lamin Ýamalyň, Koul Palmeriň, Mohamed Salahyň, Rafinýanyň atlary agzalýar.
Baýragyň ýeňijisi 22-nji sentýabrda Parižde geçiriljek dabarada mälim ediler.
“Altyn top 2025″ baýragynyň dalaşgärleri:
Jud Bellingam (Angliýa) – Real Madrid
Usman Dembele (Fransiýa) – PSŽ
Janluiji Donnarumma (Italiýa) – PSŽ
Disere Due (Fransiýa) – PSŽ
Denzel Dumfris (Niderlandlar) – Inter
Seru Girassi (Kot-d’Iwuar) – Borussiýa Dortmund
Wiktor Gýokereş (Şwesiýa) – Sporting/Arsenal
Erling Holann (Norwegiýa) – Mançester Siti
Aşraf Hakimi (Marokko) – PSŽ
Harri Keýn (Angliýa) – Bawariýa
Hwiça Kwaresheliýa (Gruziýa) – Napoli/PSŽ
Robert Lewandowski (Polşa) – Barselona
Aleksis Mak Allister (Argentina) – Liwerpul
Lautara Martines (Argentina) – Inter
Kilian Mbappe (Fransiýa) – Real Madrid
Skott MakTomineý (Şotlandiýa) – Napoli
Nunu Mendeş (Portugaliýa) – PSŽ
Žoao Neweş (Portugaliýa) – PSŽ
Maýkl Olise (Fransiýa) – Bawariýa
Koul Palmer (Angliýa) – Çelsi
Pedri (Ispaniýa) – Mançester Siti
Rafinýa (Braziliýa) – Barselona
Deklan Raýs (Angliýa) – Arsenal
Fabian Ruiz (Ispaniýa) – PSŽ
Mohamed Salah (Müsür) – Liwerpul
Wirjil wan Deýk (Niderlandlar) – Liwerpul
Winisius Junior (Braziliýa) – Real Madrid
Witinýa (Portugaliýa) – PSŽ
Florian Wirts (Germaniýa) – Baýer/Liwerpul
Lamin Ýamal (Ispaniýa) – Barselona