Alýaskadaky Katmaý milli seýilgähinde we goraghanasynda her ýyl geçirilýän “Fat Bear Week” bäsleşiginiň netijeleri mälim edildi. Çank atly erkek aýy iň semizi diýlip ykrar edildi. Şeýle hem ol derýada agalyk edýän goňur aýy hökmünde tanalýar. Çankyň agramy 544 kilograma deň. Ol açyk bäsleşikde 96 müň 350 ses gazandy. Ikinji orny eýelän aýy bolsa, 63 müň 725 ses aldy.