Alžir BRICS-iň Täze ösüş bankyna (NDB) resmi taýdan goşuldy. Bu barada bankyň başlygy Dilma Russeff mälim etdi. “Alžir bu bankyň dünýäniň maliýe arenasyndaky ornuny berkitmäge goşant goşar” diýip, Russeff belledi. Şeýle hem, ol ýurduň diňe bir Demirgazyk Afrikanyň ykdysadyýetinde däl, eýsem dünýä derejesinde-de möhüm rol oýnaýandygyna ünsi çekdi.
Onuň sözlerine görä, NDB-niň Alžir bilen maýa goýum pudagynda hyzmatdaşlyga taýyn. «Biz Alžir bilen bilelikde ösüşe, has gowy durmuşa goşant goşýan täsirli taslamalary maliýeleşdirmek üçin işläris» diýip, Russeff belledi.
Alžiriň hökümeti öz gezeginde ýurduň BRICS bankyna goşulmagynyň “hyzmatdaşlyk we özara goldaw üçin geljegi uly mümkinçilikleri döretjekdigini” mälim etdi we Täze ösüş bankynyň global ösüşi maliýeleşdirmekde möhüm rol oýnaýandygyna ynam bildirdi.
Täze ösüş banky, BRICS ýurtlary tarapyndan 2014-nji ýylyň iýul aýynda Fortalezada geçirilen birleşigiň 6-njy sammitinde gol çekilen hökümetara şertnamanyň esasynda döredildi. Häzirki wagtda Täze ösüş bankyna Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika Respublikasy, Bangladeş, BAE, Müsür we Alžir girýär. Bankyň esasy maksady, BRICS ýurtlarynda we ösýän ýurtlarda infrastruktura taslamalaryny we durnukly ösüş başlangyçlaryny maliýeleşdirmekden ybarat.