Tebigy täsinlik
Uzynlygy, takmynan, 6 müň 800 kilometre barabar bolan Amazonka derýasy özüniň bol suwy, fauna we flora dünýäsi bilen täsin görnüşi emele getirýär. Nil derýasyndan soň iň uzyn derýa hasaplanýan Amazonka esasy 3 ýurtdan: Braziliýadan, Kolumbiýadan, Perudan, şeýle hem Wenesuelanyň, Ekwadoryň we Boliwiýanyň çäginden akyp geçýär. Derýanyň esasy bölegi Braziliýada ýerleşýär. Amazon tokaýlyklaryny «iýmitlendirýän» Amazonka sekuntda, takmynan, 219 müň kub metr süýji suwy ummana guýýar.
Amazonka derýasynda geň galdyryjy zatlaryň biri derýanyň üstünden geçýän ýekeje-de köpriniň ýoklugydyr. Daş-töweregi göm-gök tokaýa bürenen derýanyň o kenaryndan bu kenaryna diňe gämili ýa-da gaýykly geçip bolýar. Ýagyş möwsüminde derýanyň suwy adaty ýagdaýyndan 30 metre çenli ýokarlanýar. Amazonkada başga ýerde gabat gelmeýän «boto» diýlip atlandyrylýan, diňe süýji suwda ýaşaýan delfinlere we maňlaýy tüňňi, sarymtyl-ýaşyl reňkli dorado balygyna duş gelmek bolýar.
Şahalanyp akýan Amazonka derýasy ýokardan seredeniňde egrem-bugram bolup barýan ýylana meňzeýär. Köpleriň ünsüni özüne çekýän bu derýada syýahatçylar üçin gämili gezelençler guralýar. Amazon tokaýlygy bilen derýanyň utgaşykly gözelliginden lezzet alýan syýahatçylar mör-möjekleriň, guşlaryň, ösümlikleriň, maýmynlaryň hem-de gaplaňlaryň dürli görnüşlerini ýakyndan synlap bilýärler. Duýdansyz wakalary we täsirli başdangeçirmeleri halaýanlar üçin Amazonka iň gowy tebigy syýahatçylyk merkezleriniň biridir. Amazonka gelýän syýahatçylara amazon obalary, ilaty we medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik döreýär. Bu ýerde syýahatçylara ýerli nahar bişirmek ussatlygyny görkezmek bilen bir hatarda, agaja dyrmaşmak, açyk eýwanly jaýjagazlarda dynç almak hem-de agaja surat çekmek ýaly çäreler hödürlenýär.
PDF








