“Reflect Orbital” amerikan kompaniýasy Gün şöhlesini serpikdirmek üçin kosmosa ullakan aýna ibermegi maksat edinýärler. Bu aýna gijelerine elektrik energiýasyny öndürmek ýa-da belli bir ýeri ýagtylandyrmak üçin Günüň ýagtylygyny Ýere gönükdirmekde ulanylar.
Gün energiýasyna zerurlyk barha artýar, ýöne Gün paanelleri gijesine işlemeýär. Bu meseläni çözmek üçin ýuka, ýöne gaty çydamly poliefir plýonka kosmosa iberiler. Gün şöhlesinde adamzadyň häzirki wagtda ulanýanlaryndan 24 trillion esse köp energiýa bar. Bu tükeniksiz energiýa çeşmesidir.
Kompaniýa diňe bir gije elektrik öndürmek üçin Gün şöhlesini Ýere gönükdirmek bilen çäklenmän, eýsem gury ýer ýa-da suwly giňişligiň käbir ýerlerini ýagtylandyrmagy hem meýilleşdirýär.